Sazlamalar

Diller

TM

10-njy fewralyň täleýnamasy

SalamNews
Täleýnama
10-njy fewralyň täleýnamasy

Hamal (21.03 — 20.04)

Bu gün ýüregiňizde beslän arzuwlaryňyz, pikirleriňiz çalt durmuşa ornaşar. Özüňizde öňkülere meňzemeýän duýgurlygy syzarsyňyz. Bu bolsa başyňyza geljek ähli zady öňünden duýmaga ýardam berer.

Sowur (21.04 — 20.05)

Köp zatlary satyn almakdan saklanyň. «Gerekmejegini alan geregini satmaly bolar» diýen aýtgyny ýadyňyzda saklaň.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Bu gün karýeraňyzda, gatnaşyklaryňyzda ýa-da maliýe meseleleriňizde üstünlik gazanmaga mümkinçilik dörär. Bu mümkinçiligi asla elden gidermäň.

Seretan (22.06 — 22.07)

Bu gün siziň üçin örän aladaly bolar. Gutarnykly çözgüt kabul etmäge ýa-da özbaşdak hereket etmäge howlukmaň.

Eset  (23.07 — 23.08)

Bu gün hemme zadyň meýilleşdirişiňiz ýaly bolmaýandygyna gaharlanmagyňyz ähtimal. Munuň üçin asla alada etmäň. Hemme zat öz-özünden gowulanar.

Sünbüle (24.08 — 23.09) 

Ýakynlaryňyz bilen aragatnaşyk saklanyňyzda, olary soňuna çenli diňläň, ýogsam düşünişmezlikler bolup biler. Akylly-başly hereket ediň!

Mizan (24.09 — 23.10)

Öz-özüňize gaharlanmajak boluň. Gün tertibini gaýtadan düzüň. Iň gowy zatlara ymtylmagyň elmydama üstünlik getirmeýändigini ýatdan çykarmaň.

Akrap (24.10 — 22.11)

Durmuşyňyzda näçe wagtdan bäri dowam edip gelýän bir mesele bar. Şu gün size gabat geljek nätanyş bir adam onuň çözgüdini aýdar. Onuň sözlerini ünsli diňläň.

Kowus (23.11 — 21.12)

Günüň dowamynda käbir düşünişmezlikler ýüze çykyp biler. Ýerliksiz gaharlanmaň. Ilki ýagdaýy gowy seljerip, soňra çözgüt kabul etseňiz, hiç kimiň göwnüne degmersiňiz.

Jedi (22.12 — 20.01)

Irden örän dartgynly ýagdaýlary başdan geçirmegiňiz mümkin. Işde, öýde ýa-da okuwda oňaýsyz ýagdaýlar döräp biler. Garşydaşyňyza hiç hili ynjydyjy söz aýtmaň. Göwnüňize degenler ýakyn wagtda sizden ötünç sorap gelerler.

Daluw (21.01 — 20.02)

Şu gün öz-özüňiz bilen gürleşmek juda peýdaly bolar. Köne ýatlamalaryňyz sizi täze bir işe imrindirer. Ýöne, ilki bilen, kelläňize gowy dynç beriň.

Hut (21.02 —20.03)

Şahsy gatnaşyklarda hiç haçan wagtyndan öň netije çykarmaga howlukmaň. Sebäbi häzir siziň eliňizde doly maglumatlar ýok. Ýagdaýy gowy öwreniň, soňra belli netijä geliň.

Iň täze habarlar

27-nji fewralyň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews

26-njy fewralyň täleýnamasy

ÝYldyzlar näme diýýär?
SalamNews

25-nji fewralyň täleýnamasy

ÝYldyzlar näme diýýär?
SalamNews