Şu gün
Aşgabat
-2 °C
Ertir
Aşgabat
-2 °C
Birigün
Aşgabat
-2 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
-2 °C

Sazlamalar

Diller

TM

4-nji oktýabryň täleýnamasy

SalamNews
Täleýnama
4-nji oktýabryň täleýnamasy

1. HAMAL (Guzy 21.03 — 20.04)

Şu gün hamallaryň işleriniň ugruna bolmagy üçin ähli mümkinçilikler dörär. Şonuň üçin hem pursatdan ýerlikli peýdalanyň we maksatlaryňyza ýetiň.

2. SOWUR (Öküzçe 21.04 — 20.05)

Şu gün sowurlara ajaýyp pikirler geler. Siz islendik meselede döredijiligiňizi peýdalanyp, arzuwlaryňyzy amala aşyryp bilersiňiz. Döredijilik bilen meşgullanmak maslahat berilýär.

3. JÖWZA (Ekizekler 21.05 — 21.06)

Şu gün jöwzalara işeňňirlik mahsus bolar. Emma islendik meseläni gowy seljermegi unutmaň.

4. SERETAN (Leňňeç 22.06 — 22.07)

Şu gün sizde ýatda galyjy pursatlar kän bolar. Şonuň üçin hem adamlar bilen gürrüňdeş boluň, täze ýerlere baryp görüň. Syýahat etmek maslahat berilýär.

5. ESET (Ýolbars 23.07 — 23.08)

Şu gün esetleriň edeni ugruna bolar. Galyberse-de, durmuş esetler üçin ajaýyp «sowgat» taýýarlaýar. Siziň köp wagt bäri garaşýan täzeligiňizi eşitmegiňiz hem ähtimal. Şeýle-de şu gün esetlere ýakynlary bilen mylaýym bolmak we dawalaşmazlyk maslahat berilýär.

6. SÜNBÜLE (Gyz 24.08 — 23.09)

Şu gün täleýiňiz size gyzmalyga garşy göreşmegi maslahat berýär. Adamlar bilen dawalaşmaň. Işiňizde we maşgala gatnaşyklaryňyzda özüňize erk etmäge çalşyň. Kiçiräk ýalňyşlyklaryň goýberilmegi ähtimal. Onuň üçin gaharlanyp, adamlaryň göwnüne degmäň!

7. MIZAN (Terezi 24.09 — 23.10)

Mizanlara amatly teklipler geler. Emma olara razylyk bermezden ozal, oňatja pikirleniň. Meseläni ähli tarapdan seljeriň. Teklipleriň arasynda özüňiz üçin iň amatlysyny saýlap alyň.

8. AKRAP (Içýan 24.10 — 22.11)

Akraplar üçin 4-nji oktýabr üstünlikleriň günüdir. Nähili päsgelçilikleriň dörändigine garamazdan, siziň zähmetsöýerligiňiz we maksadaokgunlylygyňyz maksadyňyza üstünlikli ýetmäge mümkinçilik berer. Bu gün bäsdeşleriňiziň üstünden ýeňiş gazanmak üçin hem ajaýyp mümkinçilikler dörär.

9. KOWUS (Keman 23.11 — 21.12)

Kowuslar pursatlaýyn şowsuzlyklar üçin ruhdan düşmeli däldirler. Tersine, biraz wagt geçenden soňra, siz olaryň bähbit bolandygyny we arzuwlaryňyzy amala aşyrmaga kömek edýändigini görersiňiz.

10. JEDI (Owlak 22.12 — 20.01)

Şu gün jedilere maksatlaryna ýetmek üçin ähli amatlyklar dörediler. Siz döredijilikli zähmetiňiz bilen islendik meseläni üstünlikli çözüp bilersiňiz. Has-da wezipäňizi galdyrmaga kömek etjek işleri ýerine ýetirmek maslahat berilýär.

11. DALUW (Gowa 21.01 — 20.02)

Daluwlar ýeňillik bilen duýgularyna erk ederler. Olar gaharlanmazlar. Jedelli meseleler dörese-de, seslerini gataltman, mylakatlylyk bilen ýagdaýy düşündirmegi we dawada üstün çykmagy başararlar. Daluwlar deňagramlylygyny ýerlikli peýdalanyp bilseler, ajaýyp ýeňişleri gazanarlar.

12. HUT (Balyk 21.02 —20.03)

Siziň şu gün üýtgedip bilen zadyňyz az bolar. Şonuň üçin hem nähili ýitgi bolsa-da, kän gynanmaň. Günüň ikinji ýarymynda ýagdaýlar siziň hasabyňyza üýtgäp başlar. Siz bolup geçýän hadysalara täsir etmäge güýç taparsyňyz. Ýerlikli we tutanýerli zähmet size güni ýeňiş bilen tamamlamaga mümkinçilik berer.

Iň täze habarlar

6-njy dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews

5-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews

4-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews