Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

4-nji dekabryň täleýnamasy

SalamNews
Täleýnama
4-nji dekabryň täleýnamasy

Hamal  (21.03 — 20.04)

Şu güni içki dünýäňizi baýlaşdyrmaga bagyşlaň. Irräk öýüňize dolanyň, gyzgynjak kofe ýa-da çaý taýýarlanyň-da, halaýan kitabyňyzy okaň.

Sowur (21.04 — 20.05)

Şu gün biraz özüňizi bilseňiz gowy bolar. Özüňize degişli bolmadyk meselelere kelläňizi agyrtman, ünsüňizi bähbitleriňize beriň.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Jöwzalar şahsy durmuşyny ýatdan çykarmaly bolarlar. Siz şu gün iliň adamsy, şonuň üçin hem dost-ýarlaryňyza kömek gerek bolsa taýýar boluň.

Seretan (22.06 — 22.07)

Keýpiňizi bozdurmaň. Adamlara özüni bilmeklik mahsusdyr. Olar öz bähbidi üçin size zyýan ýetirip biler. Şeýle ýagdaýda adamlara sussuňyzy basdyrmaň.

Eset  (23.07 — 23.08)

Şu gün size howp saljak ýekeje zat ýaltalygyňyzdyr. Şonuň üçin hem dynç günüdigine garamazdan, işleriňiz bar bolsa şolary ýerine ýetiriň.

Sünbüle  (24.08 — 23.09) 

Adamlar, esasan-da, ýakynlaryňyz bilen dawalaşmaň. Tersine, olara goldaw beriň, söýgiňizi beýan ediň. Öýüňizde bejergi işlerini alyp barmaň.

Mizan  (24.09 — 23.10)

Mümkinçilik bolsa, öň eden işleriňizi seljeriň. Başarsaňyz, olary kämilleşdiriň. Işleriňizde ýetmezçilikleri ýüze çykarsaňyz, olary düzediň.

Akrap (24.10 — 22.11)

Akraplar şu gün özüniň ajaýyp häsiýetlerini görkezip bilerler. Onuň üçin haýsy ugurda ussat bolsaňyz, haýal etmän başarnyklaryňyzy görkeziň.

Kowus  (23.11 — 21.12)

Işdeşleriňiz, ýolbaşçylaryňyz bilen ylalaşmaga taýýar boluň. Dawanyň öňüni alyp bilerin öýtseňiz, eglişik etmekden saklanmaň. Siziň üçin esasy zat jedelleşmekdir.

Jedi (22.12 — 20.01)

Şu gün jedilere şowlulyk ýar bolar. Şeýle ýagdaýda, ilki bilen, iň wajyp işleriňizi ýerine ýetiriň.

Daluw  (21.01 — 20.02)

Sizi gurşap alýan adamlaryň hereketlerine, gürrüňlerine ser salyň. Olardan özüňiz üçin peýdaly maglumatlary alyp bilersiňiz.

Hut (21.02 —20.03)

Adamlaryň bar ýerinde pikirleriňizi beýan etmekden saklanyň. Olaryň size göriplik etmegi hem-de öňüňizde badak goýmagy mümkin.

Iň täze habarlar

3-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews

2-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews

1-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews