Şu gün
Aşgabat
-2 °C
Ertir
Aşgabat
-2 °C
Birigün
Aşgabat
-2 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
-2 °C

Sazlamalar

Diller

TM

30-njy sentýabryň täleýnamasy

SalamNews
Täleýnama
30-njy sentýabryň täleýnamasy

Hamal  (21.03 — 20.04)

Şu gün özgeleriň pikirlerine we maslahatlaryna gulak salyň. Olardan özüňiz üçin gerek bolan gymmatly maglumatlary we çözgütleri diňläp bilersiňiz.

Sowur (21.04 — 20.05)

Şu gün ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyzda dawalaşmazlyga çalşyň. Uly bolmadyk meseleleriň üstünde tersleşip, işiňiziň ýöremegine bökdençlik döretmäň. Adamlary tankytlamakdan saklanyň.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Şu gün gije düşmän öýüňize ýygnanmaň! Dost-ýarlaryňyzyňka myhman boluň, kafe-restoranlara gidiň. Şu günüň her bir pursaty siziň üçin uly ýatlama bolup galar.

Seretan (22.06 — 22.07)

Şu gün seretanlar hem özlerini öýünden daşrakda rahat duýarlar. Öňüňizden çykjak täze tanyşlykdan saklanmaň. Şol bir wagtyň özünde size ýekelikde seýilgählerde aýlanmak maslahat berilýär.

Eset  (23.07 — 23.08)

Şu gün esetlere işinden lezzet almak maslahat berilýär. Işiňizden lezzet almagy başarmasaňyz, öňüňizde goýlan wezipeleri ýokary hilli ýerine ýetirip bolmaz. Gaharly ýa-da sussupes bolsaňyz, aýdym-saz diňläň. Ol siziň şähdiňizi açar.

Sünbüle  (24.08 — 23.09) 

Şu gün sünbüleler köpçülik bolup ýerine ýetirilýän işleri üstünlikli alyp baryp bilerler. Siziň toparyň esasy agzasyna öwrülmegiňiz üçin ähli mümkinçilikler dörär. Şeýle-de siz şu günki geçirilen gepleşikleriň ählisini netijeli tamamlarsyňyz.

Mizan (24.09 — 23.10)

Şu gün mizanlaryň içki dünýäsinde gapma-garşylyklar bolar. Şeýle ýagdaýdan baş alyp çykmagyň iň ygtybarly ýoly howlukmazlykdyr. Wagtyň islendik soragyň jogabyny tapyp berýändigini ýatdan çykarmaň.

Akrap (24.10 — 22.11)

Şu gün akraplara şübhelilik mahsus bolar. Şübhelenmek bilen özüňe ynamyň peselmegi hem ähtimal. Täze zatlara başlamak siziň şowsuzlyga uçramagyňyza getirip biler. Şonuň üçin hem gaty wajyp bolmadyk işler bilen meşgullanyň.

Kowus (23.11 — 21.12)

Şu gün kowuslarda adamlardan närazylyk döräp biler. Hatda siziň dostlaryňyz hem göwnüňizi tapyp bilmez. Şonuň üçin hem adamlar bilen ylalaşmaga çalşyň. Gerek ýerinde eglişik etjek boluň.

Jedi (22.12 — 20.01)

Şu gün jedilere bir ýerde oturmak gadagandyr! Ylmy gözlegler bilen meşgullanýan bolsaňyz, şu gün işiňizde bir ädim öňe süýşüp bilersiňiz. Size gowy täzelikler hem garaşýar. Bu täzeligi täze adamlardan eşitmegiňiz hem ähtimal. Şonuň üçin hem täze tanyşlyklardan çekinmäň.

Daluw (21.01 — 20.02)

Şu gün siz akyl zähmeti bilen baglanyşykly işleri ýokary derejeli ýerine ýetirip bilersiňiz. Şu gün size ajaýyp pikirler geler. Olary bellemegi ýatdan çykarmaň. Ýakyn geljekde olaryň size peýdasy degip biler.

Hut (21.02 —20.03)

Şu gün hutlar başyny başlan işini üstünlikli ýerine ýetirip bilerler. Siziň bilesigelijiligiňiz täze maglumatlary ýeňil özleşdirmäge mümkinçilik berer. Zähmetsöýerligiňiz bolsa işdeş ýoldaşlaryňyza nusga bolar.

Iň täze habarlar

6-njy dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews

5-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews

4-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews