Şu gün
Aşgabat
-3 °C
Ertir
Aşgabat
-3 °C
Birigün
Aşgabat
-3 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
-3 °C

Sazlamalar

Diller

TM

3-nji oktýabryň täleýnamasy

SalamNews
Täleýnama
3-nji oktýabryň täleýnamasy

1. HAMAL (Guzy 21.03 — 20.04)

Şu gün hamallaryň işleri ugruna bolar. Siziň ýylgyryşyňyz, gürleýşiňiz adamlarda ýakymly täsir galdyrar. Durmuşyň döredýän mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çalşyň.

2. SOWUR (Öküzçe 21.04 — 20.05)

Şu gün arzuwlaryňyza ýetmek üçin hiç zatdan gaýtmaň. Tutanýerlilik we janypkeşlik size bagt getirer. Şu günki netijeliligiňiz siziň geljegiňize täsir eder.

3. JÖWZA (Ekizekler 21.05 — 21.06)

Şu gün siziň özüňizi duýşuňyz gowy bolar. Siziň ýylgyryşyňyz ýakynlaryňyzyň we işdeşleriňiziň göwnüni göterer.

4. SERETAN (Leňňeç 22.06 — 22.07)

Şu gün siziň netijeli işlemegiňize hiç zat päsgel berip bilmez. Size adamlaryň kömegi gerek däldir. Oňa seretmezden, işdeşleriňiz bilen islendik meselede düşünişmäge synanyşyň, gerek ýerinde goldaw beriň.

5. ESET (Ýolbars 23.07 — 23.08)

Şu gün esetleriň islendik başlangyjy ugruna bolar. Şonuň üçin hem öňüňizde goýlan ähli wezipeleri ýerine ýetirmäge çalşyň.

6. SÜNBÜLE (Gyz 24.08 — 23.09)

Işleriňiziň ählisini çalasynlyk bilen ýerine ýetiriň. Şu gün ýeňiş siziň ýaranyňyz bolar. Adamlar siziň bilen bäsleşip bilmezler. Siz agşamyň nädip gelendigini-de duýmarsyňyz.

7. MIZAN (Terezi 24.09 — 23.10)

Şu gün wagtyňyzy kämilleşmegiňiz üçin sarp ediň. Galyberse-de, başga adamlara gereginden artyk üns berseňiz, öz işleriňize ýetişmersiňiz. Şonuň üçin hem biraz özüňizi biljek boluň.

8. AKRAP (Içýan 24.10 — 22.11)

Şu gün siziň saýlamaly bolmagyňyz mümkin. Saýlawyň dogry ýa-da nädogry boljakdygyna garamazdan, siz başyňyzdan geçiren tejribäňizi geljekde ýerlikli peýdalanyp bilersiňiz.

9. KOWUS (Keman 23.11 — 21.12)

Kömek we eglişik etmegiň hem çägi bar. Işgärleriňize talapkär boluň. Iş buýurmakdan çekinmäň. Şol bir wagtyň özünde özüňize-de talapkär boluň.

10. JEDI (Owlak 22.12 — 20.01)

Şu gün işleriňiziň üstünlige beslenmegini isleseňiz, ýadawsyz zähmet çekmeli bolarsyňyz. Üstünlige barýan ýoluňyzda dürli päsgelçilikleriň döremegi mümkin. Boýun egmäň-de, tutanýerliligiňizi görkeziň.

11. DALUW (Gowa 21.01 — 20.02)

Daluwlara öýkelemek ýaraşmaýar. Maksadyňyza tarap ýadawsyz ädimläp ýöräň. Siziň kimdigiňizi eden işleriňiziň we görkezýän netijeleriňiziň kesgitleýändigini ýadyňyzdan çykarmaň.

12. HUT (Balyk 21.02 —20.03)

Şu gün maşgalaňyzyň arasynda-da, işdeş ýoldaşlaryňyz bilen hem agzybir we dostlukly gatnaşykda bolarsyňyz. Durmuşyň ajaýyp pursatlaryndan peýdalanyň-da, lezzet alyň.

Iň täze habarlar

6-njy dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews

5-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews

4-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews