Şu gün
Aşgabat
-2 °C
Ertir
Aşgabat
-2 °C
Birigün
Aşgabat
-2 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
-2 °C

Sazlamalar

Diller

TM

27-nji sentýabryň täleýnamasy

SalamNews
Täleýnama
27-nji sentýabryň täleýnamasy

Hamal  (21.03 — 20.04)

Şu gün size ýaltalyk mahsusdyr. Şonuň üçin hem işlemäge çalşyň. Wajyp işleriňizi birinji nobatda ýerine ýetiriň.

Sowur (21.04 — 20.05)

Şu gün siziň ýakyn adamlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyz has-da ýygjamlaşar. Şonuň üçin hem özüňizi alyp barşyňyza üns beriň. Ýakymsyz we göwne degiji sözleri aýtmakdan saklanyň.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Şu gün jöwzalaryň edeni ugruna bolar. Esasy zat maksadaokgunly boluň. Şu gün siziň üstünlik gazanmagyňyza hiç zat päsgel berip bilmez.

Seretan (22.06 — 22.07)

Şu gün işdeşleriňiz bilen gatnaşyklaryňyzda düşünişmezlikleriň döremegi ähtimal. Şonuň üçin-de, gaty talapkär hem bolmaň. Tersine, olary höweslendirmäge çalşyň.

Eset  (23.07 — 23.08)

Şu gün siziň öňüňizde çylşyrymly wezipe goýlar. Ony ýerine ýetirmegi başarsaňyz, ýolbaşçylaryň öňündäki abraý-mertebäňiz beýgeler we wezipäňizi galdyrmak üçin amatly mümkinçilikler dörär.

Sünbüle  (24.08 — 23.09) 

Şu gün saglygyňyzy, awtoulagyňyzyň guratlygyny, öý işleriniň sazlygyny barlamak hökmandyr. Agşamyňyzy maşgala agzalaryňyzyň ýanynda geçirmek maslahat berilýär.

Mizan  (24.09 — 23.10)

Şu günki işleriňiziň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin kömek soramaly bolmagyňyz ähtimaldyr. Ýoldaşlaryňyzyň goldawyny duýmak özüňize bolan ynamyňyzy hem artdyrar.

Akrap (24.10 — 22.11)

Şu gün siziň özüňize bolan ynamyňyzyň gowşamagy mümkin. Şonuň üçin hem dogry hasaplan işleriňizi şübhelenmezden ýerine ýetirmäge çalşyň.

Kowus  (23.11 — 21.12)

Şu gün siziň hereketleriňizde çagalara mahsus häsiýetler ýüze çykar. Bu häsiýetiňizi aradan aýyrmaga çalşyň. Çünki adamlar siziň hoşamaýlygyňyza däl-de, işleriňizi ýerine ýetirşiňize görä baha berer.

Jedi (22.12 — 20.01)

Şu gün gödek gürlemekden we adamlaryň göwnüne degjek hereketleri etmekden saklanjak boluň. Talaplaryňyzy hoşamaýlyk bilen etdirjek boluň.

Daluw (21.01 — 20.02)

Şu gün size döredijiligiňiz bilen baglanyşykly işlerde üstünlik garaşýar. Şonuň üçin hem fiziki zähmet çekmekden saklanjak boluň.

Hut (21.02 —20.03)

Şu gün maksadyňyza ýetmek üçin käbir zatlary pida etmeli bolmagyňyz mümkin. «Maksat serişdäni aklaýan» bolsa, ikirjiňlenmäň-de, hereket ediň. Şol bir wagtyň özünde ýakyn adamlaryňyzyň göwnüne degmejek boluň.

Iň täze habarlar

6-njy dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews

5-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews

4-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews