
Hamal (21.03 — 20.04)
Bu gün ýakyn adamlaryňyza köprak wagt tapyň. Olar bilen bilelikde dynç almaga ýa-da gezelenje gidiň.
Sowur (21.04 — 20.05)
Bu gün size ýalňyz galmak, öz-özüňiz bilen derdinişmek peýdaly bolar. Syrlaryňyzy hemmeler bilen paýlaşmaga howlukmaň, ýakyn adamlar bolsa, size şonsuzam düşüner.
Jöwza (21.05 — 21.06)
Bu gün sizi tapdan düşüren kynçylyklaryň ählisi tamamlanar. Şonuň üçin hem size gowy dynç almak gerek. Täze üstünliklere ýetmek üçin bedeniňize dynç beriň.
Seretan (22.06 — 22.07)
Maksatlaryňyza ýetmekde dogry ýoly saýlamaga synanyşyň. Munuň üçin size ýakyn adamlaryň, dost-ýarlaryň maslahaty gerek bolar.
Eset (23.07 — 23.08)
Ähli zatlara çynlakaý garamak endigiňiz sizi köplenç aladaçyl edýän hem bolsa, bu günüňiz asudalykda geçer. Durmuşdan lezzet alyň, garaşmaga wagt ýok.
Sünbüle (24.08 — 23.09)
Sünbüle ýyldyzy astynda doglanlara bu gün ýerine ýetirmeli möhüm wezipeler garaşýar. Işleriňizi wagtly-wagtynda amal etmekde päsgelçilik ýüze çyksa-da, meýilnamaňyzdan daşlaşmazlyk maslahat berilýär.
Mizan (24.09 — 23.10)
Işini çalyşmak isleýän mizanlar üçin bu gün örän amatlydyr. Şonda-da seresaplylygy elden bermäň. Ähli zada, hususan-da, adamlaryň özlerini alyp baryşlaryna üns beriň.
Akrap (24.10 — 22.11)
Diňe iş we öý aladalaryna çümüp oturman, günüň soňunda maşgalaňyz bilen söwda, dynç alyş merkezlerine gidip, dynç almaga çalşyň.
Kowus (23.11 — 21.12)
Maliýe babatynda bu gün ýyldyzlar kowuslara goşmaça girdeji almak üçin iş ugurlaryny giňeltmegi maslahat berýärler. Günüň ahyry täze tanyşlyklara, myhmançylyklara baý bolar.
Jedi (22.12 — 20.01)
Günüň dowamynda jediler üçin mümkinçilikleriň gapysy açylar. Tutuş gün diýen ýaly sizi begendirjek hoş habarlar, garaşylmadyk sowgatlar gelip biler.
Daluw (21.01 — 20.02)
Bu gün öz göwnüňizi göterip, halaýan pişeleriňiz bilen meşgullanyň. Munuň özi sizi ruhlandyryp, durmuşa bolan höwesiňizi artdyrar, täze başlangyçlara ýol açar. Bu günki ykbalyňyzy söýgi gurşap alar.
Hut (21.02 —20.03)
Bu gün maşgalaňyz, ýakynlaryňyz işiňiziň ilerlemegi üçin ellerinden gelen ýardamlaryny ederler. Günüň ikinji ýarymynda size käbir teklipler hödürlener. Dörejek mümkinçilikleri pikirlenmezden kabul ediň.