Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

23-nji martyň täleýnamasy

SalamNews
Täleýnama
23-nji martyň täleýnamasy

Hamal (21.03 — 20.04)

Ençeme wagtyň ýadawlygy gerdeniňizi basýan bolsa, günüň dowamynda sport bilen adatdakydan köpräk meşgullanyň, bu size täze güýç toplamaga ýardam eder.

Sowur (21.04 — 20.05)

Bu gün sowurlar üns merkezinde bolarlar. Dostlaryňyzdan hem-de maşgala agzalaryňyzdan ýakymly sowgatlara garaşyň.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Günüň başynda ownuk meseleleriň, käbir garşylyklaýyn hadysalaryň bolmagy mümkin. Emma alada etmäň, günüň ahyryna çenli ähli zat ýerbe-ýer bolar.

Seretan (22.06 — 22.07)

Seretanlar bu gün wajyp meseleleri çözmekden, aýgytly ädimleri ätmekden saklansalar, gowy bolar. Durmuşyňyzda berk kada-kanuny saklap bilseňiz, gazanan netijeleriňiz sizi begendirer.

Eset (23.07 — 23.08)

Günüň başynda esetler maliýe meseleleri bilen başagaý bolarlar. Size günüň ikinji ýarymynda şatlanmak, begenmek üçin şowly täzelikler bolar.

Sünbüle (24.08 — 23.09)

Bu günki gowy habarlar, gazanan üstünlikleriňiz, saçaklaryňyzy bezäp, ýakynlaryňyz bilen bilelikde bellemäge mynasyp bolar. Başarnyklaryňyz, ýeten derejäňiz köpleri begendirer.

Mizan (24.09 — 23.10)

Günüň birinji ýarymy siziň üçin maliýe meselelerini çözmäge örän amatly bolar. Geçiriljek işewürlik duşuşyklary we iş saparlary siziň üçin şowlulyk getirer.

Akrap (24.10 — 22.11)

Günüň ikinji ýarymynda gol çekýän resminamalaryňyza ünsli boluň. Maliýe meselesinde puluňyzy tygşytly saklaň. Maşgalaňyzyň aladasyny etmegi unutmaň.

Kowus (23.11 — 21.12)

Bu gün kowuslaryň güýç-kuwwaty artar. Günüň dowamynda durmuşyňyzy gowulyga tarap üýtgetmek üçin ähli mümkinçilikler we şertler dörär. Bu günki öwrenen her bir maglumatyňyz geljegiňiz üçin peýdaly bolup biler.

Jedi (22.12 — 20.01)

Bu günki ähli güýjüňizi maşgalaňyza sarp ediň, olary begendiriň. Bu gün siziň girdeji çeşmeleriňiz artar, töweregiňizdäki adamlara täsiriňiz has-da ýokarlanar.

Daluw (21.01 — 20.02)

Bu gün daluwlar täze-täze pikirlere üns berip, işlerini ugrukdyrmagyň ýoluny gözläp taparlar. Şonuň netijesinde-de, daluwlara wezipe basgançagynda ösmek üçin mümkinçilikler dörär. Iş-başarnyklaryňyzy artdyryp, üstünlik gazanmak hakynda pikirleniň.

Hut (21.02 —20.03)

Täze meýilnamalary durmuşa geçirmek isleýän hutlar şol ugurdan tejribeli hünärmenler bilen pikir alyşmalydyrlar. Günüň dowamynda geljek teklipleri ilik-düwme seljerip, soňra kabul ediň.

Iň täze habarlar

2-nji iýunyň täleýnamasy

Bu gün size nähili gowulyklar garaşýar?
SalamNews

1-nji iýunyň täleýnamasy

Bu gün ýyldyzlar näme maslahat berýär?
SalamNews

31-nji maýyň täleýnamasy

Bu gün ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews