Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

22-nji martyň täleýnamasy

SalamNews
Täleýnama
22-nji martyň täleýnamasy

Hamal (21.03 — 20.04)

Bu gün hamallar üçin asudalykda, rahatlykda geçer. Emma şonda-da işjeňligiňizi ýitirmäň. Bu gün geljegiňize uly täsir etjek bir zady öwrenmegiňiz mümkin.

Sowur (21.04 — 20.05)

Bu gün hemme zat isleýşiňiz ýaly gider. Meýilnamalaryňyza öňküleriňizden has ünsli çemeleşmek, işleriňizi üstünlikli tamamlamak öz eliňizde.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Jöwzalaryň bu güni näçe wagtdan bäri arzuwlanyp gelinýän ýakymly pursatlardan doly bolar. Töweregiňizde bolup geçjek käbir wakalaryň sizi pikirlendirmegi mümkin. Beýle ýagdaýda belli bir netijä gelmekden saklansaňyz oňat bolar.

Seretan (22.06 — 22.07)

Dynç alyş günlerinde iş durmuşyňyzy bir gyra süýşürip, maşgalaňyza köpräk üns beriň. Bilelikde gezelenje ýa-da dynç almaga gitseňiz gowy bolar.

Eset (23.07 — 23.08)

Esetleriň bu günki tygşytlylygy maddy kynçylyklary ýeňmegiň açary bolup biler. Özüňize juda zerur bolmadyk zatlary satyn almakdan saklanyň.

Sünbüle (24.08 — 23.09) 

Bu günki täzelikler, garaşylmadyk wakalar sizi arzuwlaryň ummanyna atarar. Emma ýyldyzlar size salgyma kowalaşyp, hyýallara aşa berilmezligi ündeýär.

Mizan (24.09 — 23.10)

Käbir kynçylyklardan baş alyp çykmagyň hatyrasyna ýalňyş karar beren bolmagyňyz mümkin. Bu gün ýalňyşlyklaryňyzy düzetmek üçin amatly pursatlar döräp biler.

Akrap (24.10 — 22.11)

Bu gün maddy ýagdaýlary gözden geçirmek üçin akraplara biraz köpräk wagtyň gerek bolmagy ahmal. Günüň dowamynda sizi ikirjiňlendirýän maýa goýumlardan, artykmaç çykdajylardan saklanylsa gowy bolar.

Kowus (23.11 — 21.12)

Seriňize dolýan aladaly pikirleri bir gyra süýşüriň. Halaýan endikleriňiz bilen meşgullanyp, göwün solpusyndan çykmagyň wagty geldi. Dostlaryňyz, ýakynlaryňyz bilen bir saçagyň başyna jemlenip, baýramçylyk bellemek üçin ähli şertleriňiz bar.

Jedi (22.12 — 20.01)

Günüň dowamynda aşa duýguçyl jedileriň arzuwlary hasyl bolar. Bu gün olar özlerini asmanyň 7-nji gatynda ýaly duýarlar.

Daluw (21.01 — 20.02)

Bu gün hiç kimiň göwnüňize degmegine ýol bermäň. Sözleriňize dykgatly bolup, jedelli meselelere goşulmasaňyz gowy bolar.

Hut (21.02 —20.03)

Bu gün sözüň doly manysynda hutlaryň durmuşyna ýazy getirýän gün bolar. Günüň dowamynda geljek habarlar göwnüňize ganat berer.

Iň täze habarlar

2-nji iýunyň täleýnamasy

Bu gün size nähili gowulyklar garaşýar?
SalamNews

1-nji iýunyň täleýnamasy

Bu gün ýyldyzlar näme maslahat berýär?
SalamNews

31-nji maýyň täleýnamasy

Bu gün ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews