
Hamal (21.03 — 20.04)
Bu gün öz pikirleriňizi aýtmakdan asla çekinmäň. Sizde dörejek täze ideýalar täze başlangyçlara sebäp bolup biler.
Sowur (21.04 — 20.05)
Bu gün işjeňligiňizi kadaly ýagdaýda saklajak boluň. Juda hysyrdyly işlemegiň ýadawlyga sebäp bolup biljekdigini hem ýadyňyzdan çykarmaň.
Jöwza (21.05 — 21.06)
Sizde täze dörejek energiýa täze döredijilik ukyplaryny ýüze çykarar. Hiç zatdan çekinmäň. Töwekgelçilik ediň. Bu gün «Töwekgeliň işini Taňry oňarar» diýen aýtgy size degişlidir.
Seretan (22.06 — 22.07)
Käbir adamlar bilen gürrüňdeş bolmagyňyz sizi täze başlangyçlara iterer. Bu gün döredijilik taslamasyna badalga bermek üçin ajaýyp pursatlaryň boljakdygyny ýadyňyzdan çykarmaň.
Eset (23.07 — 23.08)
Bu gün hyzmatdaşlaryňyz bilen düşünişmek aňsat bolar. Pikirleriňiziň, düşünjeleriňiziň deň gelmegi adamlaryň size bolan sylagyny artdyrar.
Sünbüle (24.08 — 23.09)
Bu gün üstünlik gazanmaga ynamyňyz ýokary bolar. Günüň wakalary kerýeraňyza düýpli täsir eder. Şonuň üçin hereketleriňizi oýlanyşykly ediň.
Mizan (24.09 — 23.10)
Bu günki şübheleriň dogry bolup çykanyna haýran galarsyňyz. Emma eliňizdäki maglumatlary düýpli öwrenip, soňra netije çykaryň.
Akrap (24.10 — 22.11)
Bu günki ýüze çykjak kynçylyklar esasan, özüňize aşa ýokary baha berýändigiňiz bilen baglanyşykly bolar. Men-menlik etmegiň öz derejäňi pese gaçyrmakdygyny ýatdan çykarmaň.
Kowus (23.11 — 21.12)
Bu güni tutuşlygyna özüňize bagyş ediň. Özüňize ideg, serenjam ediň, rahatlanmak, ruhuňyzy götermek üçin halaýan pişeleriňiz bilen meşgullanyň.
Jedi (22.12 — 20.01)
Günüň dowamynda gowy duýgulary başdan geçirmegiňiz mümkin. Energiýaňyzy, şatlygyňyzy başgalar bilen paýlaşsaňyz-a, özüňizi iki esse bagtly duýarsyňyz.
Daluw (21.01 — 20.02)
Bu gün size ünsüňizi jemlemek kyn düşer. Şonuň üçin geljekki meýilnamalaryňyz barada kesgitli karar bermäge howlukmaň.
Hut (21.02 —20.03)
Bu günki meseleleriňiz öz-özünden çözüler. Ene-ataňyzyň, ýakyn garyndaşlaryňyzyň kömegi bilen täze üstünliklere ýetersiňiz.