
1. Hamal (Guzy 21.03 — 20.04)
Dostlaryňyz bilen duşuşmakdan lezzet aljak günüňiz. Emosional gatnaşyklaryňyzy giňeltmek isleýärsiňiz. Wakalaryň içinde we daşynda galyp bilýän adamlardan biri sizsiňiz. Siziň pikiriňiz daş-töweregiňizdäki adamlar tarapyndan gowy garşylanar.
2. Sowur (Öküzçe 21.04 — 20.05)
Pikirleriňizi durmuşa geçirmekde howlukmaç hereket etmekden gorkmaň. Bu gün hiç hili päsgelçilik size päsgel bermez we diňe aýratyn duýgularyňyza esaslanjak bir gün ýaşarsyňyz. Lezzet alýan işleriňiz bilen meşgul boluň.
3. Jöwza (Ekizekler 21.05 — 21.06)
Daş-töweregiňizde bolup geçýän wakalara onçakly üns bermäň. Daşky ýagdaýlaryň sizi aljyratmagyna ýol bermäň. Öz pikirleriňiz bilen hereket ediň. Ýüregiňizi diňläň.
4. Seretan (Leňňeç 22.06 — 22.07)
Ýakyn dostlaryňyzyň size goldaw berjek gün tertibine täze meseleler geler. Birdenkä ýüze çykan üýtgeşmeleriň size peýdasy ýok we seresaplylygy elden bermäň. Tebigata gezelenje çykyp bilersiňiz ýa-da ýakyn adamlaryňyzy myhmançylyga çagyryp bilersiňiz. Fiziki lezzetleriňiz öňe çykar.
5. Eset (Ýolbars 23.07 — 23.08)
Garaşýan meseleleriňiziň size ýaramaz täsir etmegine ýol bermek islemeseňiz, ähli işleriňizi talabalaýyk ýerine ýetiriň. Wakalaryň gysga wagtyň içinde siziň peýdaňyza boljakdygy şübhesiz. Goşmaça şertnamalar siziň gün tertibiňizde bolar.
6. Sünbüle (Gyz 24.08 — 23.09)
Bu gün, maliýe howpsuzlygyny gözleýän bolmagyňyz mümkin. Has aýgytly hereket etmeli we üýtgeşmelere kän täsir etmeli däl. Käbir gijikdirmeler size negatiw täsir edip biler. Daşky gurşawy döretmek üçin işjeň tagalla etmeli bolmagyňyz mümkin.
7. Mizan (Terezi 24.09 — 23.10)
Häzirki wagtda ýoldaşyňyza köp zady talap edeniňizde, ýakymly we näzik garaýşyňyz bilen olary gyzyklandyryp bilersiňiz. Daş-töweregiňizdäki zatlaryň deňagramlydygyna göz ýetirseňiz, üstünlige has çalt ýakynlaşarsyňyz.
8. Akrap (Içýan 24.10 — 22.11)
Dostlaryňyz bilen hyzmatdaşlyk etmek sizi gaty begendirer. Özüňiz bilen ýakynlaryňyzyň arasynda mähirli gatnaşyklaryň ösüp biljek gününde bolmak, isleýşiňiz ýaly bagtly eder. Duýdansyz çykdajylardan ägä bolmaly.
9. Kowus (Keman 23.11 — 21.12)
Erkinlik duýgularyňyz äşgär bolsa-da, endikleriňizi taşlap bilmersiňiz. Dostlaryňyz bilen guramaçylykly işlärsiňiz we toparlaýyn işiňizden peýdalanarsyňyz.
10. Jedi (Owlak 22.12 — 20.01)
Duýgurlygy görkezip biljek günüňiz. Jemgyýetçilik gatnaşyklaryňyzyň ýaramaz täsir etmegini islemeýän bolsaňyz, sport çärelerinde fiziki güýjüňizi ulanmaly däl. Dostlaryňyzyň ýüregine düşjek adatdan daşary işleri etmeli däl.
11. Daluw (Gowa 21.01 — 20.02)
Maliýe meseleleriňize täzeden garanyňyzdan soň, hakykatdanam etjek meýilnamalaryňyzyň giň toplumyny açarsyňyz. Gatnaşjak ýygnaklaryňyzda logiki we yzygiderli pikirleriň agdyklyk edýän paýlaşma gurşawynda bolarsyňyz.
12. Hut (Balyk 21.02 —20.03)
Durmuşyňyzda dürli gymmatlyklar örän möhümdir, ýöne ownuk gymmatlyklara üns berýändigiňiz üçin wagt ýitirip bilersiňiz. Bilýän meseleleriňizde eglişik etmek islemeýänligiňiz sebäpli, ýalňyşyňyz sebäpli meseleler köpeler.