Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

12-nji noýabryň täleýnamasy

SalamNews
Täleýnama
12-nji noýabryň täleýnamasy

1. Hamal (Guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün çalt herekete geçmeli bolmagyňyz mümkin. Maliýe ýa-da gatnaşyklar bilen baglanyşykly hereket siziň esasy maksadyňyz bolup biler. Girdeji çeşmeleriňizi gözden geçirmeli bolmagyňyz mümkin. Girdejiňize täsir edip biljek käbir ýagdaýlar siziň keýpiňizi gaçyryp biler. Özüňizi goldawa mätäç halda duýmagyňyz mümkin. Maliýe meselelerinde özüňizi erkin duýmak isläp bilersiňiz. Töwekgelçilikli hereket etmezden ozal biraz pikirleniň we sabyrly boluň.

2. Sowur (Öküzçe 21.04 — 20.05)

Daş-töweregiňizdäki bolup geçýän ýagdaýlara biperwaý garamagyňyz mümkin. Özüňizi erkin ýagdaýda we rahat duýmak üçin bu elbetde, biraz kömek edip biler. Her näme-de bolsa, özüňizi kämilleşdirmek ýa-da nämedir bir zatlary etmek bilen döredijiligiňizi ösdürip bilersiňiz. Soňky döwürlerde özüňizi çäklendirilen ýaly duýgularyňyz sizi öz günüňize goýmaýar, şonuň üçin hem şu gün erkin ýagdaýda isleýän işleriňizi ýerine ýetirip bilersiňiz. Ýaramaz wakalara getirip biljek käbir ýagdaýlary ünsden düşürmezligiňiz  maslahat berilýär.

3. Jöwza (Ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu gün biraz ýadaw halda bolup bilersiňiz, emma, döredijilik ýollary arkaly durmuşyňyzy has-da gyzyklandyrmak siziň eliňizde. Işiňizi edil isleýşiňiz ýaly tamamlamaga siziň mümkinçilikleriňiz bar. Sabyrlylyk bilen hereket etseňiz hiç kimiň göwnüne degmezligiňiz mümkin, emma, tersine hereket etseňiz, käbir adamlary özüňizden uzaklaşdyrarsyňyz. Bilmezlikde eden käbir hereketleriňiz zerarly kynçylyk çekmejek bolsaňyz, adamlar bilen gatnaşyklaryňyzdaky hereketleriňize hem üns bermegi ýatdan çykarmaň.

4. Seretan (Leňňeç 22.06 — 22.07)

Durmuşyňyzda orun alan adamlara şu günki gün ynamyňyz pes derejede bolar ýa-da jemgyýetçilik işlerine we köpçülikleýin çärelere gatnaşmak islemän bilersiňiz. Muňa derek ikiçäk gatnaşyklarda gürrüňdeşlikleri ýola goýup, olaryň ynamyny gazanyp bilersiňiz. Kararsyzlyk siziň üçin bu gün esasy mesele bolar. Bu gün gödek hereketleriňizi gizlemäge synanşyň. Sada bolmagyň ýerine bu gün tutanýerlilik bilen herekete geçiň. Başgalardan ylham almak ýerine öz dünýäňizi özüňiz ýaradyň. Uly kararlary bermekden saklanmak maslahat berilýär.

5. Eset (Ýolbars 23.07 — 23.08)

Häzirki wagtda çalt çäre görmek we çalt kararlary almak meýli bar, ýöne muny daşyňyzdakylara bildirmezlik has gowusydyr. Daşyňyzdakylara özüňiziň rahat ýagdaýdadygyňyzy duýduryň we aljyramazlyga çalşyň. Öňküňize garanda has başagaý bolup bilersiňiz we işiňiziň köplügine garamazdan asuda bolmaga synanşyň. Täze bir zatlary öwrenmek üçin höwesiňiz ýokary bolup biler. Bu pursatdan peýdalanyp, bu gün hem döredijilik bilen meşgullanmak maslahat berilýär. Haýsy işiň has möhümdigini anyklaň we herekete geçiň.

6. Sünbüle (Gyz 24.08 — 23.09)

Eger durmuşyňyzdaky adamlar özlerini sizden gizleýän bolsalar, bu siziň üçin hiç-hili zyýanly däldir. Adamlar sizden islemeýän işleriňizi ýerine ýetirmegiňizi talap edip bilerler. Duýgularyňyz we arzuwlaryňyz täzeden oýanyp biler, islegleriňizi amala aşyrmak üçin ukyp-başarnyklaryňyz ýeterlik derejede bolar. Rahat bir ýagdaýda hereket etmek siziň ösüş gazanmagyňyza kömek eder. Içki dünýäňizde käbir geçmişden galan duýgulary ýa-da ýatlamalary unutmak siziň bähbidiňize bolar.

7. Mizan (Terezi 24.09 — 23.10)

Her niçigem bolsa, ýakyn wagtda düýpli üýtgeşmeler bolup geçer, bu siziň durmuşyňyzyň has-da gowulaşmagyna kömek eder. Elbetde, käbir kişileriň gürrüňlerine çydamaly bolmagyňyz mümkin. Iň gowy netijeleri gazanmak üçin häzirki wagtdaky isleg-arzuwlaryňyzy gözden geçiriň. Pikirleriňize üns beriň we ýüregiňizi diňläň. Garaşylmadyk ýagdaýda ýüze çykan mümkinçilikleri sypdyrmaň. Häzirki wagtda asuda we tertipli ýagdaýda durmuşyňyzdaky gerekmejek serişdeleri arassalaň. Täze we oňyn düşünjeler bilen hereket etmek maslahat berilýär.

8. Akrap (Içýan 24.10 — 22.11)

Özüňizi göwne degilen ýa-da lapykeç halda duýup bilersiňiz. Kimdir biri sizi kemsidip biler, esasanam özüňizi sabyrsyz duýmagyňyz mümkin. Özbaşdaklygyňyzy we erkinligiňizi tassyklamak üçin derrew garşylyk bildirmek isläp bilersiňiz. Aslynda, işler köşýänçä, töwekgel hereketlerden gaça durmak möhümdir. Sabyrsyzlyk size uly mesele bolup biler. Ykbalyňa azajyk ynanmak iň gowusydyr, sebäbi näçe synanyşsaňam hemme zat öz bolmalysy ýaly bolar.

9. Kowus (Keman 23.11 — 21.12)

Iň oňat netijeler üçin, töweregiňizdäki tizlik çalt ýa-da tertipli bolsa-da, sabyrsyzlygyň günüňi dolandyrmagyna ýol bermäň. Çalt herekete geçmekden gaça duruň, ýöne döredijilik bilen meşgullanmak ýa-da howpsuz maşklar arkaly göwnüçökgünligiňizi giderip bilersiňiz. Täze bir zatlary döretmek isleýän bolsaňyz, özüňizi gözden geçirip bilersiňiz. Isleýşiňiz ýaly hereket etmän, akym bilen gitmäge synanyşyň. Her niçigem bolsa hemme zat gowy bolar.

10. Jedi (Owlak 22.12 — 20.01)

Soňky döwürlerde siz hakynda aýdylýan gürrüňler özüňize bolan ynamyňyzy peseldip biler, emma muňa ýol bermäň. Käbir zatlara ökünç duýgusyny ýaşap bilersiňiz. Ýaramaz duýgularyň durmuşyňyzda höküm sürmegine ýol bermäň. Sabyrsyzlyk bilen hereket etseňiz, käbir kynçylyklary başdan geçirip bilersiňiz. Bedeniňizi gereginden artyk ýadatmaň.

11. Daluw (Gowa 21.01 — 20.02)

Bu gün dostlaryňyz bilen pikir alyşmak hem-de umytlaryňyzy we pikirleriňizi meňzeş adamlar bilen paýlaşmak üçin gowy gün. Öňe gitmek üçin sebäpler tapylar. Tejribeler arkaly ösüş gazanyp bilersiňiz. Ukyp-başarnyklaryňyzy başgalaryna kömek etmek üçin ulanyp bilersiňiz. Käbir ýagdaýlar sizde ýaramaz pikirleri oýaryp biler, şeýle pikirlere üns bermegiň deregine ýüze çykýan ýagdaýlardan sapak almak maslahat berilýär.

12. Hut (Balyk 21.02 —20.03)

Häzirki wagtda käbir kynçylyklar bolup biler, esasanam, köpçülikleýin ýerine ýetirilýän işlerde, bu özüňiz we durmuşyňyzdaky möhüm adamlar hakda has köp zat öwrenmek üçin amatly pursaty döredip biler. Adamlaryň göwnüne degmek aňsat, ýöne gaharlanman hereket etseňiz, hiç kim sizden nägile bolmaz. Durmuşyňyzyň gowy we zyýanly taraplaryny ölçemäge wagt tapyň hem-de ähli mümkinçilikleriňizi gözden geçiriň, ýöne geçmiş hakda onçakly kän pikir etmäň.

Iň täze habarlar

3-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews

2-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews

1-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews