Şu gün
Aşgabat
-2 °C
Ertir
Aşgabat
-2 °C
Birigün
Aşgabat
-2 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
-2 °C

Sazlamalar

Diller

TM

1-nji oktýabryň täleýnamasy

SalamNews
Täleýnama
1-nji oktýabryň täleýnamasy

Hamal  (21.03 — 20.04)

Şu gün hamallara akyl zähmeti bilen meşgullanmak maslahat berilmeýär. Siziň adaty zatlarda ýalňyşmagyňyz ähtimal. Şonuň üçin hem wajyp bolmadyk işleri ýerine ýetiriň-de, beýleki işleriňizi soňa goýuň.

Sowur (21.04 — 20.05)

Şu gün sowurlaryň eden işi ugruna bolar. Şonuň üçin hem bir ýerde oturmaň-da, zähmet çekmäge başlaň. Günüň ahyrlarynda siz garaşmaýan adamyňyzdan ýakymly sowgat alarsyňyz ýa-da ýakymly täzelik eşidersiňiz.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Jöwzalar halypalarynyň eden işlerinden we uly adamlar bilen gürrüňdeşliginden tejribe toplamaly bolarlar. Bu tejribe size ýakyn geljekde gerek bolar. Şol bir wagtyň özünde maşgala agzalaryňyz bilen mylaýym bolmaga çalşyň. Tersleşmekden saklanyň.

Seretan (22.06 — 22.07)

Şu günki işleriňiziň netijeleri sizi doly derejede kanagatlandyrar. Siziň ähli maksatlaryňyz amala aşar. Galyberse-de, garaşmaýan adamlaryňyz siziň üçin ýakymly sowgatlary eder. Gowy täzelikleri aýdar.

Eset  (23.07 — 23.08)

Şu gün esetleriň ünssüz bolmagy ähtimal. Şonuň üçin hem uzak wagty hem-de takyklygy talap edýän işleri ýerine ýetirmegi boýun almaň. Şu gün sizden ýokary derejede tutanýerliligi talap eder.

Sünbüle  (24.08 — 23.09) 

Sünbüleler ajaýyp gürrüňdeşlerdir. Olaryň şu günki geçiren gepleşikleriniň netijesi ähli babatda hem üstünlikli bolar. Umumy dil tapmaga bolan ukybyňyz ýolbaşçylaryňyz bilen gürrüňleriňizde has hem gerek bolar.

Mizan  (24.09 — 23.10)

Siziň üstünlikleriňiziň açary ünslüligiňizde we zähmetsöýerligiňizde jemlenendir. Şonuň üçin hem ir säherden başlap, şu günki meýilleriňizi durmuşa geçirip başlaň. Aslynda, şu gün siziň işlemegiňiz üçin örän amatly bolar.

Akrap (24.10 — 22.11)

Şu günki üstünligiňiziň öňünde päsgelçilik döräp biler. Päsgelçilikler garaşmaýan ýerleriňizden hem çykyp biler. Öň ýerine ýetirilen işlerden hem ýalňyşlyklaryň ýüze çykmagy we wagtyňyzy almagy ähtimal. Şeýle ýagdaýda maksadaokgunly boluň.

Kowus  (23.11 — 21.12)

Şu gün ýyldyzlar kowuslara «gülüp bakýar» diýsek, ýalňyş bolmaz. Siz ir säherden başlap çäksiz güýç-gaýrat duýarsyňyz, ýadawlygyň nämedigini bilmersiňiz. Ýoldaşlaryňyz siziň netijeli işleýşiňize haýran galarlar. Öňüňizde goýlan ähli wezipeleri doly derejede üstünlikli ýerine ýetirersiňiz.

Jedi (22.12 — 20.01)

Şu gün üstünlik gazanmagyň esasy şerti hyzmatdaşlykdyr. Sizi gurşap alýan adamlar, işdeşleriňiz size ýakyndan goldaw berer. Degerli maslahatlar bolsa täze taslamanyň, täze işiň düýbüni tutmaga ýardam eder.

Daluw  (21.01 — 20.02)

Şu gün daluwlary ynandyrmak örän kyn bolar. Sebäbi siz ähli zatlara şübhe bilen seredersiňiz. Size şu gün adamlaryň hereketlerini ýa-da satyn almagy meýilleşdirýän önümleriňiziň aýratynlyklaryny öwrenmek mahsus bolar.

Hut (21.02 —20.03)

Şu gün hutlara özgeleriň sylagyny gazanmak üçin artykmaç iş görkezmek gerek bolmaz. Siziň ýolbaşçylaryňyz geljekde siziň ösmegiňize kömek etjek wajyp taslama tabşyrmagy meýilleşdirýärler. Pursaty elden bermäň-de, ýerlikli zähmet çekiň.

Iň täze habarlar

6-njy dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews

5-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews

4-nji dekabryň täleýnamasy

Ýyldyzlar näme diýýär?
SalamNews