Watan goragçylaryna ýokary döwlet sylaglary, ýörite atlar, hünär derejeleri berildi
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň uly topary Türkmenistanyň medallary bilen sylaglandy. Bu baradaky degişli Permana 27-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.
Resminama laýyklykda, olar degişli medallar bilen hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, çäk bitewüligini we konstitusion gurluşyny goramaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirendikleri we söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanandyklary üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendikleri, çeken halal we göreldeli zähmetini hem-de döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde gazanan uly üstünlikleri nazara alnyp sylaglandy.
Şeýle-de degişli Perman bilen, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň uly toparyna harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi.