
Şu gün — 20-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Ilki bilen, welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Olar welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda meýdanlardaky pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak we ony pagta arassalaýjy kärhanalarynda ýokary hilli gaýtadan işlemek, tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleri geçirilýär. Welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkimler ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalarda we binalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.
Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, şu günler alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi we pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak, şeýle hem bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki işleriň wagtynda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça möwsümleýin işler dowam edýär.
Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň Mary welaýatynda bolsa ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak işleriniň dowam edýändigini hem hasabatynda belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi hem-de bugdaý ekiş geçirilen ýerlerde kadaly ideg üçin zerur işleriň ýerine ýetirilmegini, ýetişdirilen gant şugundyrynyň we pagta hasylynyň iň soňky hanasyna çenli ýygnalyp alynmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.