Şu gün
Aşgabat
-2 °C
Ertir
Aşgabat
-2 °C
Birigün
Aşgabat
-2 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
-2 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistanyň baş konsuly Tatarystanyň Prezidenti bilen duşuşdy

SalamNews
Syýasat / Syýasy wakalar

Türkmenistanyň Kazan şäherindäki diplomatik wekilhanasynyň baş konsuly Güýç Garaýew Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň çäginde Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýokary baha berdiler. Prezident Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli 27-28-nji sentýabrda Tatarystan Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana bolan saparynyň dowamynda ýokary myhmansöýerligiň görkezilendigini minnetdarlyk bilen belledi. Öz gezeginde, baş konsul Garaýew ikitaraplaýyn gatnaşyklara berýän aýratyn ünsi we Türkmenistanda geçirilýän çärelere hormatly muhman hökmünde gatnaşýandyklary üçin Tatarystan Respublikasynyň Hökümet agzalaryna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we Türkmenistanyň baş konsuly Güýç Garaýew dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini, şol sanda özara söwda dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, orta telekeçiligi goldamaga ýardam etmegiň, Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi arkaly Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçiliklerini ulanmagyň ugurlaryny we beýlekileri ara alyp maslahatlaşdylar.

Prezident Rustam Minnihanow Türkmenistanyň täze bellenen baş konsulyny tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň bähbitleri üçin alyp barýan diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň degişli Permany bilen Güýç Garaýew Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherindäki baş konsuly wezipesine ýakynda bellenipdi. Mundan ozal ol Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherindäki konsuly diplomatik wezipesinde işleýärdi.

Iň täze habarlar

«Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň ähmiýeti

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» taýýarlanan Türkmenistanyň Kanuny şu ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde makullandy.
Akmyrat Taganow, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasy.

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Moskwada hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow şu gün — 6-njy oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Moskwada duşuşdy.
SalamNews

Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

5-nji dekabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen geçiren duşuşygynyň barşynda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
SalamNews