Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistan Ukraina ynsanperwer kömek iberdi

SalamNews
Syýasat / Syýasy wakalar
mfa.gov.tm

Türkmen halkynyň hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, ynsanperwerlik we raýdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp, 22-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ukrain halkynyň çagalaryna ynsanperwer ýük iberildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Ukraina iberilen ynsanperwer ýüküň düzüminde derman serişdeleri, lukmançylyk enjamlary, dokma we dürli azyk önümleri bar.

Iň täze habarlar