Serdar Berdimuhamedow telekeçileri TSTB-niň döredilmeginiň 15 ýyllygy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy hem-de bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisiniň hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň öz işine başlamagy bilen gutlady. Gutlag hatynda döwlet Baştutany geçen 15 ýylda birleşmäniň agzalarynyň ýeten sepgitleriniň hususy pudagyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrülendigine şaýatlyk edýändigini aýratyn belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow: «Döwletimiziň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna aýratyn orun degişlidir. Biz ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmegi netijesinde döwrebap özgertmeleri gyşarnyksyz dowam etdirýäris. Hususy eýeçiligiň ornuny düýpli ýokarlandyrmakdan ugur alyp, telekeçilere berilýän döwlet goldawlaryny mundan beýläk-de dowam etdireris» diýip, häzirki döwürde ýaşlaryň ykdysady özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşýandyklaryny belledi.
«Türkmen telekeçileriniň önümleri we hyzmatlary döwrebaplygyň, kämilligiň nusgasy bolmalydyr. Täzeçillik, ylma we ösen tehnologiýalara daýanmak, durnukly ösüş, «ýaşyl» ykdysadyýetiň ýörelgelerine eýermek hususyýetçilerimize mahsusdyr. Düýpli taslamalaryň başyny başlamak, badalga berlen işleri dowam etdirmek üçin hususy telekeçilerimiziň yhlaslaryny gaýgyrman, tutanýerli zähmet çekjekdiklerine berk ynanýaryn» diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda iň oňat arzuwlaryny beýan etdi.