Sazlamalar

Diller

TM

Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň jemine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi

SalamNews
Syýasat / Syýasy wakalar
Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň jemine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi

Düýn — 9-njy fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň jemine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.

Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýyl öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler girizildi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.

Döwlet Baştutany mejlisiň gün tertibini yglan edip, wise-premýerlere we hem-de Türkmenistanyň Ministrler Ka­binetiniň ýanyndaky U­lag we kommunikasiýal­ar agentliginiň Baş d­irektoryna söz berdi. Onda 2023-nji ýylda ýurdumyzda gazanylan görkezijiler barada hasabat berdiler. Şeýle-de ýolbaşçy düzümler, ministrler, häkimler geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, özüne ynanylan wezipäni oňarmandyklary üçin, birnäçe häkimi wezipelerinden boşatdy we täzelerini belledi. Mundan başga-da, Serdar Berdimuhamedow birnäçe ministrleri, ýolbaşçylary wezipeden boşatmak we wezipä bellemek barada degişli resminama gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutany ýygnananlara ýüzlenip, geçen ýylyň netijelerini häsiýetlendirdi we şu ýylda döwletimiziň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi.

Halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly bolan 2023-nji ýylda uly üstünlikleri gazandyk, bellän meýilnamalarymyzy ýerine ýetirdik diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow kanagatlanma bilen aýtdy.

Döwlet Baştutany sözüni jemläp, şu ýyl üçin kabul edilen maksatnamanyň örän köp işleri öz içine alýandygyny belledi.

«Ata Watanymyzy mundan beýläk-de has-da gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady we halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2024-nji ýylda bellenen sepgitlere, maksatlara ýetiljekdigine berk ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de belent sepgitlere ýetmegi ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Iň täze habarlar

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün — 26-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, Ilçi J.MakGregor bilen duşuşygy geçirildi.
SalamNews

Owganystanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanyşykly köp sanly meselelere seretdiler.
SalamNews

Dostlukly hyzmatdaşlygyň netijeleri

Şu gün — 26-njy fewralda Katar Döwletine iş sapary bilen baran türkmen wekiliýetiniň agzalary bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew bilen Katar döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory, jenap Abdulaziz bin Muhammed al-Horryň arasynda duşuşyk geçirildi.
SalamNews