
3-nji dekabrda Katar Döwletinde saparda bolup, Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň birinde myhman bolan Prezident Serdar Berdimuhamedow «Halifa» stadionynyň hormatly myhmanlar üçin niýetlenen ýörite ýerinde Futbol assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň — FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinony mübärekledi.
FIFA-nyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň şu saparynyň sport ulgamynda, aýratyn-da, futbol babatda halkara derejedäki gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýetini belledi. Türkmenistanda sport we Olimpiýa hereketiniň giňden ösdürilýändigine üns çekilip, sportuň futbol görnüşini giňden ýaýbaňlandyrmak ugrunda halkara derejede tagallalary birleşdirmekde FIFA-nyň ýardam bermeginiň aýratyn ähmiýeti nygtaldy.
Döwlet Baştutany hem-de FIFA-nyň prezidenti birek-birege päk niýetli arzuwlaryny aýdyp, ýadygärlik surata düşdüler.