Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Russiýa Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibini goldaýar

SalamNews
Syýasat / Syýasy wakalar
Russiýa Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibini goldaýar

Ozal habar berşimiz ýaly, 16-njy martda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisinde eden çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlemegiň teklip edilýändigini aýtdy. Bu teklibe Moskwa hem ýokary baha berýär diýip, «TASS» habarlar agentligi Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskowyň sözlerine salgylanyp habar berýär.

Dmitriý Peskow žurnalistleriň bu barada beren soragyna jogap edip, şeýle belledi:

—   Biz jenap Ärdoganyň parahatçylyk boýunça eden işlerine, bu ugurda özara gepleşikleri geçirmekde bitiren hyzmatlaryna hem-de onuň rus-türk gatnaşyklaryny ösdürmekdäki tagallalaryna ýokary baha berýäris.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ankara şäherinde geçirilen mejlisde eden çykyşynda bellemegine görä, Rejep Taýyp Ärdogan ХХI asyrda yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň arasynda ilkinji bolup bu ýokary baýraga mynasyp şahsyýet hökmünde taryhyň altyn sahypalaryna ýazylsa, maksadalaýyk bolardy. 

Iň täze habarlar

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

23-nji martda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow bilen Ýaponiýanyň daşary işler boýunça döwlet ministri Kenji Ýamadanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
SalamNews

Daşary ýurtlardaky ildeşlerimiziň saýlawlar boýunça öňünden ses bermekleri dowam edýär

Ýurdumyzyň daşary ýurtlarda ýerleşýän diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynda Türkmenistanda 26-njy martda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça öňünden ses bermek dowam edýär.
SalamNews

Arkadag şäheri üçin döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bellendi

«Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi.
SalamNews