
17-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Şundan ugur alyp, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň işlenip taýýarlanylan taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy we gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşlerini, şäheriň ekologik ýagdaýyny has-da sagdynlaşdyrmakda ähmiýetli hasaplanýan usullaryň ulanylyşyny synlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilen taslamalary synlap, binalaryň gurluşygynda we bezeg işlerinde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň ýeten derejesiniň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri täze toplumlaryň binagärlik çözgüdini oňlap, gurluşyk işleriniň ýokary derejede amala aşyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Arkadag şäheriniň çäklerinde meýilleşdirilen we alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek, olary bellenilen möhletlerde tamamlamak bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri şähergurluşyk maksatnamasy ýerine ýetirilende, häzirki zamanyň ösen tejribesinden we täzeçil usullardan peýdalanmagyň wajypdygyny, şunda milli binagärlik ýörelgeleriniň işjeň ulanylmalydygyny aýtdy. Milli Liderimiz desgalaryň gurluşygynda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň netijeli ulanylmalydygyna ünsi çekip, gurluşyk işlerinde bu künjegiň tebigy aýratynlyklarynyň we ekologik ýagdaýynyň nazara alynmalydygyny belledi.