
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Aşgabada gelmegine garaşylýar. Bu barada Prezidentiň metbugat sekretary Dmitriý Peskowa salgylanyp, ria.ru web saýty habar berýär.
Habara görä, Prezident Wladimir Putin 29-njy iýunda Aşgabatda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň 6-njy sammitine gatnaşar.
Ozal habar berşimiz ýaly, Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem Aşgabatda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň 6-njy sammitine gatnaşar. Sammitiň çäklerinde Hazar deňzi sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Türkmenistanyň Fransiýadaky täze ilçisi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy
Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýew Fransiýanyň Ýeliseý köşgüniň Döwlet protokoly we diplomatik çäreler boýunça direktory Filipp Franka öz ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy.
Serdar Berdimuhamedow wengriýalylary Keramatly Stefanyň güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň Prezidenti hanym Katalin Nowaka we ýurduň ähli halkyna Wengriýanyň milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Brifing: ulag ministrleriniň Awaza maslahatynyň jemlerine garaldy
19-njy awgustda Daşary işler ministrliginde brifing guraldy. Ol 15-16-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki maslahatyň netijelerine bagyşlandy.