
Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýork şäherine bardy. Bu barada TDH habar berýär.
Jon F.Kennedi adyndaky Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar. Soňra hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni howa menzilinden sapar mahaly özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.
Mälim bolşy ýaly, 1945-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna laýyklykda esaslandyrylan Baş Assambleýa BMG-niň esasy maslahat, görkezme beriji we wekilçilikli edarasy bolup durýar. Ol halkara meseleleriň ähli ugurlaryny köptaraplaýyn esasda ara alyp maslahatlaşmak üçin köpugurly forumdyr. Däbe görä, her sessiýanyň çäklerinde döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ýokary derejedäki mejlisler, maslahatlar geçirilýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine, şol sanda energetika, ulag, ekologiýa, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer ugur ýaly möhüm ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen täze başlangyçlary öňe sürer. Şeýle hem saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» (С5+1) görnüşindäki sammite gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini, şol sanda BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirer.
Şeýlelikde, BMG-niň esasy maksatlaryna we wezipelerine laýyk gelýän döredijilikli döwlet syýasatyny amala aşyrýan hem-de parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini öňe sürýän Türkmenistan netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, sebit, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini üpjün etmäge gönükdirilen özara kabul ederlikli çözgütleriň taýýarlanylmagyna saldamly goşant goşýar.