Şu gün — 27-nji ýanwarda Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni bellenýär. Hünär baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine gutlag haty bilen ýüzlendi.
«Sizi ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, Döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy hem-de hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna, işgärlerine bildirilýän uly ynamy, belent sarpany, olar hakynda edilýän çuňňur aladany giňden dabaralandyrýan bu baýram merdana pederlerimiziň watançylyk mekdebiniň dowamat-dowam bolýandygyny görkezýär» diýlip, Gutlag hatynda bellenýär.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Watan goragçylarynyň güni mynasybetli iberen Gutlagynda: «Iň howpsuz ýurtlaryň biri hökmünde dünýä ykraryna eýe bolan eziz Watanymyzyň harby howpsuzlygyny we çäkleriniň bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady, harby-strategik esaslaryny kesgitleýän hem-de döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty bilen ugurdaş bolan Harby doktrinamyzyň ýörelgelerini, maksatlaryny gyşarnyksyz berjaý etmek siziň her biriňiz üçin belent borç bolmalydyr. Siz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, konstitusion gurluşyny, asyrlardan gözbaş alýan milli gymmatlyklarymyzy goramagy hem-de jemgyýetimizde hukuk tertibini pugtalandyrmagy, kanunçylygy has-da berkitmegi hemişe baş maksat edinmelisiňiz» diýlip bellenýär.