Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary bilen bardy

SalamNews
Syýasat / Syýasy wakalar
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary bilen bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen bardy. Döwlet Baştutanymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary 20-nji sentýabra çenli dowam eder.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň işine, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «С5+1» görnüşdäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyna gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini, şol sanda BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirer. 

BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 5-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisi açyldy. Mejlisiň çäklerinde 19 – 26-njy sentýabr aralygynda ýokary derejeli çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Iň täze habarlar

Türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Duşuşykda ilçi Gismat Fuzuli ogly Gozalow ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
SalamNews

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Beata Peksanyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.
SalamNews

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrliginiň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi

Türkmenistanda nemes dilini öwretmek babatynda özara gatnaşyklary güýçlendirmek barada pikirler beýan edildi
SalamNews