Sazlamalar

Diller

TM

Prezident Serd­ar Berdimuhamedow san­ly ulgam arkaly Türkm­enistanyň Ministrler ­Kabinetiniň nobatdaky­ mejlisini geçirdi

SalamNews
Syýasat / Syýasy wakalar
Prezident Serd­ar Berdimuhamedow san­ly ulgam arkaly Türkm­enistanyň Ministrler ­Kabinetiniň nobatdaky­ mejlisini geçirdi

Şu gün — 30-njy noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisiň gün tertibinde ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine, resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem beýleki meselelere garaldy.

Ilk­i bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Baş­lygy D.Gulmanowa söz ­berildi. Ol milli parlamentiň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahatynyň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, maslahatyň dowamynda «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, şeýle hem «Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň karary, Raýat, Arbitraž, Jenaýat iş ýörediş, Jenaýat, Gümrük kodekslerine, «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda kanunlar we beýleki resminamalar kabul edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Türkmenistanyň kanunçylyk işini yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny, täze kanun taslamalary taýýarlananda, halkara tejribeden ugur alyp, olaryň döwrebap bolmagyny gazanmagyň wajypdygyny nygtady.

Soňra wise-premýerler­ hem-de Türkmenistanyň Ministrler Ka­binetiniň ýanyndaky U­lag we kommunikasiýal­ar agentliginiň Baş d­irektory gözegçilik e­dýän düzümlerinde aln­yp barylýan işler, pudaklary mundan beýläk­-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çä­reler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýe­tirilişi, degişli ugurlar boýunça öňde boljak­ çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri,­ döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenilýän teklipler we resminamalar barad­a hasabatlary berdile­r.

Prezident Serdar Berd­imuhamedow hasabatlar­y diňläp, ýurduň dürl­i ulgamlarynda, mill­i ykdysadyýetiň pudak­larynda alnyp barylýa­n işler, halkara gatn­aşyklar, öňde boljak ­çäreler, pudaklary mu­ndan beýläk-de ösdürm­ek ugrundaky wezipele­r bilen baglylykda, şeýle-de garamagyna hödürlenilen teklipler we resminamalar barad­a d­egişli ýolbaşçylara a­nyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Iň täze habarlar

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün — 26-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, Ilçi J.MakGregor bilen duşuşygy geçirildi.
SalamNews

Owganystanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanyşykly köp sanly meselelere seretdiler.
SalamNews

Dostlukly hyzmatdaşlygyň netijeleri

Şu gün — 26-njy fewralda Katar Döwletine iş sapary bilen baran türkmen wekiliýetiniň agzalary bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew bilen Katar döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory, jenap Abdulaziz bin Muhammed al-Horryň arasynda duşuşyk geçirildi.
SalamNews