Şu gün
Aşgabat
-2 °C
Ertir
Aşgabat
-2 °C
Birigün
Aşgabat
-2 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
-2 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Häkimler bilen iş maslahaty: pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek tabşyryldy

SalamNews
Syýasat / Syýasy wakalar
Häkimler bilen iş maslahaty: pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek tabşyryldy

3-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň barşynda, ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek hem-de «ak altyn» hasylyny ýitgisiz ýygnap almak ugrunda geçirilýän çäreler, bu möhüm möwsümde pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilişi barada hasabatlary berdiler. Şeýle-de güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki ekinlere ideg etmek hem-de ýetişdirilen bol hasyly öz  wagtynda ýygnap almak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygy habar berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak hem-de topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda Diýarymyzda bugdaý ekişi güýçli depginlerde dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary we beýleki ekiş gurallary doly güýjünde işledilýär. Şol bir wagtyň özünde topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak, ak ekinlere gögeriş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar.

Döwlet Baştutany wise-premýere pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak, şunda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy hem-de häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny, täzeçil usullary pudaga işjeň ornaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Iň täze habarlar

«Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň ähmiýeti

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» taýýarlanan Türkmenistanyň Kanuny şu ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde makullandy.
Akmyrat Taganow, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasy.

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Moskwada hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow şu gün — 6-njy oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Moskwada duşuşdy.
SalamNews

Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

5-nji dekabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen geçiren duşuşygynyň barşynda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
SalamNews