Sazlamalar

Diller

TM

Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalyň täze merkeziniň tamamlanyp barýan gurluşyklary boýunça anyk wezipeleri kesgitledi

SalamNews
Syýasat / Syýasy wakalar
Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalyň täze merkeziniň tamamlanyp barýan gurluşyklary boýunça anyk wezipeleri kesgitledi

Ozal habar berşimiz ýaly, 3-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde iş maslahatyny geçirdi. Onda bu iri merkeziň birinji tapgyrynyň tamamlanyp barýan gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda geljekde ýerine ýetirilmeli, öňde durýan wezipeler kesgitlendi.

Biziň öňümizde bu taryhy ähmiýetli wajyp taslamany açyp ulanmaga bermek işini guramaçylykly geçirmek boýunça möhüm wezipeler durýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, ilkinji nobatda, emele gelýän ilatly ýere dereje bermek, döwrebap at dakmak, ol ýerde ýerleşdiriljek düzüm birliklerini kesgitlemek, dörediljek edaralaryň, kärhanalaryň ýolbaşçy düzümini emele getirmek, şäheriň dolandyryş çägine degişli edilmeli ýerleri kesgitlemek, ol ýerleri bölüp bermek işlerini ýerine ýetirmegiň zerurdygyny belledi. «Şunda bu işleri kanunçylyk namalaryna laýyklykda alyp barmak gerek» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Täze şäherde ýerleşdiriljek düzüm birlikleri kesgitlenende, örän oýlanyşykly çemeleşmelidir, olaryň biri-biri bilen sazlaşykly işlemegine we halkyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilmegini gazanmalydyr.

«Taryha girjek bu şäherimizde ýerleşjek kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň bellenilmegine hem aýratyn üns bermeli. Geljekde bu şäheriň gözelligini, abraýyny üpjün etmegi, gorap saklamagy öz hakyky borjy hasaplaýan ýolbaşçylary saýlap almak gerek. Şäheriň dolandyryş çägi boýunça ýerleri kesgitlemek we ol ýerleri bölüp bermek babatda meýilnamany Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýer serişdeleri boýunça gullugy degişli edaralar bilen bilelikde işleşip taýýarlamaly we bu meseläni gyssagly çözmeli» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam edip, ikinjiden, şäherde gurulýan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndaky öýleri we ýaşaýyş jaýlaryny ýerlemegiň wajyp mesele bolup durýandygyny aýtdy. «Bu işi hem guramaçylykly geçirmek gerek. Şunda ýaşaýjylaryň göçüp gelmegini guramak, binalara, edaralara, şäheriň şaýollaryna, köçelerine, seýilgählerine, gaýry düzüm böleklerine at dakmak meselesi hem kanunçylygyň talaplaryna doly laýyklykda guralmaly we ýerine ýetirilmeli» diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

«Üçünjiden, Ahal welaýatynda açyljak bu döwrebap merkeziň gysga wagtda gurulmagy, şonuň bilen birlikde, gurluşyk ulgamynda ylmyň soňky gazananlaryny özünde jemlemegi taryhy wakadyr. Şeýle ajaýyp şäheriň gurluşygynyň taryhda altyn harplar bilen yz galdyryşy ýaly, onuň açylyş dabarasy hem adamlaryň ömürlik ýadynda galmalydyr» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. «Biz türkmen halkynyň toý tutmagy başarýan halkdygyny bütin dünýä subut etmeli. Şäheriň açylyş dabarasy beýleki milli baýramlarymyzdan artyk bolmasa, birjik-de kem bolmaly däldir. Şu nukdaýnazardan açylyş dabarasynyň ýokary derejelerde geçirilmegi üçin ýörite guramaçylyk toparynyň döredilmegini makul bilýärin. Dörediljek toparyň ýolbaşçysyny, orunbasaryny we beýleki düzüm böleklerini, etmeli işleriniň meýilnamasyny kesgitlemek üçin gyssagly teklipleri taýýarlamaly. Dörediljek topar şäheriň açylyş dabarasynyň ähli ugurlaryna jogap bermeli. Bu babatda welaýat, etrap, şäher häkimlikleri we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi ysnyşykly işleşmeli» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Iň täze habarlar

Türkmenistanyň ilçisi Koreýa Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

26-njy ýanwarda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Begenç Durdyýew bilen duşuşygy geçirildi.
SalamNews

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ilçihanada bolan wakany ýazgarýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 2023-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Azerbaýjan Respublikasynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda bolup geçen ýaragly hüjümi ýazgarýar.
SalamNews

«Mekan» köşgünde Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy geçirildi

Şu gün — 28-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy geçirildi.
SalamNews