25-nji maý: Serdar Berdimuhamedow uçurymlary «Soňky jaň» dabarasy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow 25-nji maý mynasybetli türkmenistanly ähli uçurymlara we mugallymlara Gutlag iberdi.
Hususan-da, döwlet Baştutany: «Ylym we bilim jemgyýetiň hem-de döwletiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydyr. Şoňa görä-de, biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 30 ýylynyň dowamynda ylym, bilim ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek ugrunda gazanylan oňyn tejribelerden, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, giň gerimli bilim özgertmelerimizi dowam edýäris. Şu maksat bilen ylmy-tehniki ösüşlere, iň täze tehnologiýalara, öňdebaryjy innowasiýalara daýanyp, bagtyýar ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýäris» diýip nygtady.
Bellenişi ýaly, biz parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirip, Uzak Gündogar, Aziýa we Ýuwaş umman sebitleriniň, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika döwletleriniň iri ylym we bilim merkezleri, halkara hem-de sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýarys. Nesip bolsa, 2022-2023-nji okuw ýylyndan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynda ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek ÝUNESKO kafedralary hereket edip başlar, orta mekdeplerimiziň birnäçesi bu guramanyň Mekdepler bileleşiginiň düzümine giriziler.
«Sizi «Soňky jaň» dabarasy we okuwyňyzy üstünlikli tamamlamagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn» diýip jemlemek bilen, döwlet Baştutany öz Gutlagynda iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.