Sazlamalar

Diller

TM

2023-nji ýyl boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby kesgitlenildi

SalamNews
Syýasat / Syýasy wakalar
2023-nji ýyl boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby kesgitlenildi

Geçen ýylyň başynda welaýatlarda ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan etraby we etrap hukukly şäheri kesgitlemek maksady bilen, bäsleşigi yglan edildi.

Ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygynda ýörite topar bu bäsleşigiň jemlerini jemledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýrugyna laýyklykda, bu topar tarapyndan tassyklanylan tertipde degişli işler alnyp baryldy. Onuň netijeleri boýunça «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen 2023-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby kesgitlenildi.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni görkezijiler babatda iň gowy netijeleri gazanan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby onuň ýeňijisi diýlip kesgitlenildi.

Şunuň bilen baglylykda giňişleýin mejlisiň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow maglumaty diňläp, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyny 2023-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan etrap diýip yglan etmek we bu etrabyň häkimligini bir million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda, şeýle hem 2024-nji ýylda etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda täze bäsleşigi yglan etmek baradaky Buýruklara gol çekdi.

Iň täze habarlar

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün — 26-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, Ilçi J.MakGregor bilen duşuşygy geçirildi.
SalamNews

Owganystanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanyşykly köp sanly meselelere seretdiler.
SalamNews

Dostlukly hyzmatdaşlygyň netijeleri

Şu gün — 26-njy fewralda Katar Döwletine iş sapary bilen baran türkmen wekiliýetiniň agzalary bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew bilen Katar döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory, jenap Abdulaziz bin Muhammed al-Horryň arasynda duşuşyk geçirildi.
SalamNews