Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi

SalamNews
Syýasat / Resmi habarlar
Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi

Mejlisiň Başlygy geçen giňişleýin mejlisde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden Kararyna laýyklykda geçirilýän toplumlaýyn işler barada maglumat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda şahyryň baý we gymmatly edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek maksady bilen, toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belläp, hödürlenen Kanuna gol çekdi.

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hakynda Düzgünnama

  • Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygna» atly ýubileý medaly Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý we gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda hem-de wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren ýurdumyzyň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredilýär.

  • Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen:

Ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça giň möçberli maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde bitiren uly hyzmatlary;

Türkmenistanyň milli medeniýetini ösdürmäge uly goşant goşýan ylmy barlaglary, türkmen halkynyň medeni mirasyny, asyrlardan gözbaş alýan ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljek nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlary;

ylym, bilim, medeniýet, edebiýat we sungat ugurlarynda ajaýyp döredijilik üstünlikleri, ýokary ussatlygy, türkmen halkynyň dünýä halklarynyň medeniýetiniň genji-hazynasyna giren ruhy gymmatlyklaryny, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde beýanyny tapan, türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, adalatlylyk, adamkärçilik, ynsanperwerlik we ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde hem-de dünýä ýaýmak da goşan uly şahsy goşantlary we çeken önjeýli zähmetleri;

Ösüp gelýän ýaş nesli türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda emele gelen milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak ruhunda, watançylyk, ýokary ahlaklylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren uly hyzmatlary;

Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde, medeniýetleri ýakynlaşdyrmakda we baýlaşdyrmakda, halklaryň arasynda dostlugy, hyzmatdaşlygy berkitmekde görkezen aýratyn hyzmatlary üçin Türkmenistanyň raýatlary sylaglanylýar.

  • Türkmenistan bilen medeni we beýleki dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde we wagyz etmekde aýratyn hyzmatlary görkezen daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar hem Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanylyp bilner.

  • Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna mynasyp bolanlar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sylaglanylýar.

  • Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanylan adamlara Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we onuň şahadatnamasy gowşurylýar.

    Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Iň täze habarlar

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün — 26-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, Ilçi J.MakGregor bilen duşuşygy geçirildi.
SalamNews

Owganystanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanyşykly köp sanly meselelere seretdiler.
SalamNews

Dostlukly hyzmatdaşlygyň netijeleri

Şu gün — 26-njy fewralda Katar Döwletine iş sapary bilen baran türkmen wekiliýetiniň agzalary bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew bilen Katar döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory, jenap Abdulaziz bin Muhammed al-Horryň arasynda duşuşyk geçirildi.
SalamNews