1 million 250 müň tonna pagta hasylyny almak wezipe edilip goýuldy

26-njy ýanwarda Mary welaýatynda iş saparynda bolan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.
Onuň barşynda Türkmenistanyň Prezidentine «Türkmenistanda 2023-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda», şeýle-de «Oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak hakynda» Kararlaryň taslamalary hödürlendi. Şol resminamalara laýyklykda, şu ýyl ýurdumyz boýunça jemi 580 müň gektar meýdanda gowaça ekilip, şondan 1 million 250 müň tonna hasyl öndürmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak göz öňünde tutulýar.
Göçme mejlisiň barşynda welaýatlarda ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri ýokary hilli geçirmek arkaly pagtanyň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine:
— ýerleriň kärendeçileriniň, peýdalanyjylarynyň we eýeleriniň işini ýokary derejede guramak arkaly 2023-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmek;
— gowaçanyň tohumlaryny etraplar boýunça toprak-howa şertlerine görä, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda ýerleşdirmek tabşyryldy.
Pagta öndürijiler bilen şertnama baglaşmak esasynda olary agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, amatly möhletlerde:
— Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine gowaça ekiljek meýdanlary ýokary hilli gowaça tohumynyň ýeterlik möçberi bilen, ýerleri ekişe taýýarlamak, gowaça ekmek, oňa ideg etmek we pagta ýygmak bilen bagly tehniki hyzmatlar bilen üpjün etmek;
— Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine degişli suwaryş suwy bilen üpjün etmek;
— «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine dökünleriň degişli möçberi bilen üpjün etmek tabşyryldy.