Şu gün
Aşgabat
32.2 °C
Ertir
Aşgabat
32.9 °C
Birigün
Aşgabat
32.3 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
32.2 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Halyçy zenanlaryň birnäçesine «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» ady berildi

SalamNews
Syýasat / Resmi habarlar
Halyçy zenanlaryň birnäçesine «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» ady berildi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 26-njy maýda gol çeken Permanyna laýyklykda, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň birnäçe raýatyna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy.

Hormatly ada mynasyp bolan ussat halyçylar:

  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Arzygül Durdymuhammedowna Kakabaýewa,

  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň haly ussahanasynyň halyçysy Aýgözel Nurmämmedowna Esenowa,

  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň önümhana halyçysy Täjigül Nurmämmedowna Ýagmyrowa,

  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň Balkanabat bölüminiň önümhana halyçysy Jumagül Saparmämmedowa,

  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Ýazgül Begbaýewna Söýegowa,

  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Agabeg Amanowna Hudaýberenowa,

  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 3-nji önümhanasynyň halyçysy Gülnara Çaryýewna Rezwanowa,

  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň sowgatlyk önümhanasynyň halyçysy Dünýägözel Rejepgulyýewna Ýalkapowa,

  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Aknabat Çarýardurdyýewna Mahramowa,

  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 2-nji önümhanasynyň halyçysy Ogulmurat Güýçgeldiýewna Kullyýewa,

  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Türkmengala haly önümhanasynyň halyçysy Ogulgözel Imamkulyýewa dagylardyr.

Iň täze habarlar

Gazak Lideri sapar bilen Türkmenistana geler

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 29-njy iýunda geçiriljek Hazarýaka ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň 6-njy sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada geler. Bu barada kazinform.kz habar berýär.
SalamNews

Türkmen wekiliýeti Wýetnamda gulluk iş saparynda bolar

Türkmenistanyň wekiliýeti şu ýylyň 27-nji iýuny 1-nji iýuly aralygynda Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Hanoý şäherinde gulluk iş saparynda bolar. Bu baradaky degişli Buýruga Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.
SalamNews

Aşgabatda geçiriljek VI Hazar sammitiniň maksatnamasy taýýarlandy

24-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Aşgabatda 29-njy iýunda geçirilmegi meýilleşdirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitini geçirmegiň maksatnamasyny döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.
SalamNews