
Ballyýew Bally Atamyradowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu baradaky degişli Permana 24-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.
Şeýle-de degişli Perman bilen, Merdan Orazmuhammedow Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň häkimi wezipesine bellendi.