Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

«Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň ähmiýeti

Akmyrat Taganow, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasy.
Syýasat / Kanunçylyk
«Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň ähmiýeti

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan hödürlenen «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek baradaky teklip nazara alnyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» taýýarlanan Türkmenistanyň Kanuny şu ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde makullandy.

Kanuna laýyklykda «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 11-nji maddasyna täze tesimiň goşulmagy bilen, döwlet tabşyrygyna girýän bugdaý we gowaça ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ygtyýarly döwlet edaranyň ygtyýarlyklaryna daýhan birleşikleriniň suwarymly ýerlerini uzak möhletli kärendesine bermegiň Tertibiniň işlenilip taýýarlanylmagy we tassyklanylmagy barada kada girizilýär.

Ýeri gelende aýtsak, şu Kanun kabul edilmezden ozal daýhan birleşiginiň ýerlerini uzak möhletli kärendesine bermegiň tertibi belli bir kanunçylyk namalary bilen düzgünleşdirilmeýärdi.

Şeýle hem «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 46-njy maddasyna döwlet tabşyrygyna girýän bugdaý we gowaça ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin uzak möhletli kärendesine alýan kärendeçilere 10 gektardan az bolmadyk şertlerde ýer bermek we 65-nji maddasyna bolsa, daýhan birleşikleriniň ekerançylyk meýdanlaryndan 200 gektara çenli möçberde uzak möhletli kärendä ýer bölegini bermegiň bellenen çägini aýyrmak barada täze tesim goşulýar. Şeýlelik bilen agzalan oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ýerleri kärendesine almagyň ýokary çäginiň çäklendirilmeýändigi baradaky kadalaryň bellenilmegi aýratyn uly ähmiýete eýedir.

Şeýlelikde, «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi ekerançylyk meýdanlarynyň medeniýetini gowulandyrmaga, ýer-suw serişdelerini tygşytly ulanmaga, ekerançylyk meýdanlarynda oba hojalyk tehnikalarynyň öndürijiligini ýokarlandyrmaga, toparlaýyn ekin dolanyşygyny alyp barmaga, tehniki hyzmatlaryň çykdajylaryny azaltmaga we oba hojalyk gurallarynyň ulanylyş möhletini uzaltmaga, melioratiw çäreleri geçirmegi ýeňilleşdirmäge, şeýle hem guramaçylyk işlerini döwrebap derejede alyp barmaga hem-de halal zähmeti bilen ýere yhlas etjek hakyky ýer eýelerini tapmaga ýardam eder.

Oba hojalyk pudagynda geçiriljek bu kanunçylyk özgertmeleriniň geljekde öz miwesini berjekdigine, ykbalyny topraga baglan daýhanlarymyzyň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl ösdürip ýetişdirmäge bolan yhlasyny artdyrjakdygyna tüýs ýüregimizden ynanýarys.

Iň täze habarlar

Balkan welaýat adalat bölüminiň täze edara binasy açyldy

Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
SalamNews

Helga Şmid: Bitarap Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna guramanyň ýokary gyzyklanma bildirýär

1-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşdy.
SalamNews

Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidentini gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella Italiýanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
SalamNews