Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistanda parlament saýlawlaryna dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär

SalamNews
Syýasat / Kanunçylyk
Türkmenistanda parlament saýlawlaryna dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär

Türkmenistanda möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka — Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýetip gelýän saýlawlaryna taýýarlyk işleri depginli dowam edýär. Ýerlerde okrug saýlaw komitetleri işleýär, şeýle-de uçastok saýlaw toparlary döredildi, olaryň işgärleri üçin okuw maslahatlary geçirilýär. 

Ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, saýlaw möwsüminiň her tapgyrynyň möhletleri, saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça çäreler Merkezi saýlaw topary tarapyndan tassyklanan meýilnamada bellenendir. Häzirki wagtda dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär we bu çäre 24-nji fewrala çenli dowam eder. Ähli ýerlerde Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, Agrar partiýasyndan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, şeýle hem raýatlar toparlaryndan dalaşgärleri hödürlemek boýunça komitetleriň mejlisleridir ýygnaklary geçirilýär. Olarda kanun çykaryjy häkimiýetiň ýokary edarasynda halkyň bähbitlerine wekilçilik etmek ynanyljak dalaşgärler barada pikir alşylýar. 

Dalaşgärleriň hatarynda milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, durmuş üpjünçiligi, medeniýet, ylym, senagat, ulag-kommunikasiýalar ulgamlarynyň işgärleri, oba zähmetkeşleri we beýlekiler bar. Şunuň bilen birlikde, 4-nji fewralda başlanan dalaşgärleri bellige almak çäresi 28-nji fewralda tamamlanar.

Açyklyk, aýanlyk we bäsdeşlik şu gezekki saýlaw möwsüminiň esasy kesgitleýji ýörelgeleridir. Elbetde, parlamentiň deputatlygyna, halk maslahatynyň we Geňeşiň agzalygyna iň mynasyp, Watanynyň bähbidini ähli zatdan ýokary tutýan, watandaşlarynyň ynamyny we hormatyny gazanan Türkmenistanyň raýatlary saýlanar. Halk wekillerine ýurdumyzy mundan beýläk-de syýasy, durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny çözmek garaşýar.

Iň täze habarlar

Helga Şmid: Bitarap Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna guramanyň ýokary gyzyklanma bildirýär

1-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşdy.
SalamNews

Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidentini gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella Italiýanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
SalamNews

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze binasy açyldy

1-nji iýunda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkeziniň täze binasynyň açylyş dabarasy geçirildi.
SalamNews