
2022-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanun 20 bapdan we 130 maddadan ybarat bolup, Türkmenistanda notariatyň we notarial işiniň guramaçylyk we hukuk esaslaryny, notariuslaryň hukuk ýagdaýyny, olaryň işine gözegçiligi, şeýle hem notarial işini amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär.
2015-nji ýylda kabul edilen, 2017, 2018 we 2019-njy ýyllarda girizilen goşmaçalar we üýtgetmeler bilen öňki hereket eden adybir Kanunyň 19 bapdan, 119 maddadan ybaratdygyny bellemek zerurdyr. Häzirki kabul edilen Kanun ol hukuk namadan tapawutlylykda, birnäçe täzeçillikleri özünde saklaýar hem-de oňa bir bap we on bir sany täze madda goşulandyr.
Kanunyň esasy ýörelgeleri kanunylyk, adalatlylyk, garaşsyzlyk we notarial hereketleriniň syryny saklamak ýörelgelerine esaslanypdyr, şeýle hem dünýä tejribesindäki beýleki umumy ykrar edilen ýörelgelerine laýyk getirilipdir. Notariat we notarial işiniň kanunçylygyny kämilleşdirmek işleri häzirki zaman çemeleşmelerini, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini hasaba almak bilen amala aşyrylypdyr. Hususan-da, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, elektron görnüşde döredilen resminamanyň notarial taýdan tassyklanmagy talap edilen ýagdaýynda, onda elektron görnüşde döredilen resminama Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, notarial taýdan tassyklanmagyna degişlidigi baradaky kadalaryň Kanunyň 63-nji maddasynda giňişleýin kadalaşdyrylandygyny bellemelidiris. Ýagny:
1. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, elektron görnüşde döredilen resminamanyň notarial taýdan tassyklanylmagy talap edilen ýagdaýynda, onda elektron görnüşde döredilen resminama Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, notarial taýdan tassyklanylmagyna degişlidir.
2. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda raýat-hukuk geleşiginiň notarial taýdan tassyklanylmagy göz öňünde tutulan bolsa, elektron resminamany (elektron resminamalary) düzmek arkaly resmileşdirilen şeýle geleşik bu elektron resminama (elektron resminamalara) onuň sanly goluny goýmak arkaly notariuslar tarapyndan tassyklanylmalydyr.
3. Elektron resminama şu aşakdakylaryň asyl nusgasy hökmünde ulanylyp bilinmez:
1) mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnamanyň;
2) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, diňe bir asyl nusgada döredilip bilinjek resminamanyň;
3) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda beýleki resminamalaryň.
4. Elektron resminamanyň notarial taýdan tassyklanylmagynyň çäklendirmeleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.
5. Mazmuny we rekwizitleri (sanly we öz eli bilen çekilen gollaryndan başga) boýunça birmeňzeş elektron resminama we kagyz göterijidäki resminama birmeňzeş hukuk güýjüne eýedir.
Mazmuny we rekwizitleri (sanly we öz eli bilen çekilen gollaryndan başga) boýunça birmeňzeş bolan elektron resminamanyň kagyz göterijidäki nusgasy we kagyz göterijidäki resminamanyň elektron nusgasy birmeňzeş hukuk güýjüne eýedir diýen kadalar bardyr.
Kanuna hususy notariuslar, bu wezipä bildirilýän talaplar, bu işi amala aşyrmak üçin berilýän ygtyýarnama — hususy notariusa notarial hereketlerini amala aşyrmaga hukuk berýän ýörite rugsatnama baradaky täze kadalar girizildi.
Hususy notariusyň işi hünärmenlik hyzmaty bolmak bilen, notariusyň ygtyýarnamasynyň möhletsiz berilýändigi bellenendir.
Ygtyýarnama alan pursatyndan başlap üç aýyň dowamynda hususy notarius Türkmenistanyň Adalat ministrligine möhrüniň, möhürçeleriniň taýýarlanylandygy, olaryň nusgalaryny goşmak bilen we notarial blanklaryň sargytnamasynyň berlendigi barada maglumatlary we hünär jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň nusgasyny bermelidir hem-de Notariatyň bir bitewi maglumatlar ulgamyna goşulmalydyr.
Türkmenistanyň Adalat ministrligi notarial işini ygtyýarlylandyrmakda ygtyýarly edara bolup, Notarial işi amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnamalaryň döwlet sanawyny ýöredýär.
Notarial işi ygtyýarlylandyrmagyň düzgünleri we notarial işi amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnamanyň berilmeginiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Hukuk işini ygtyýarlylandyrmak hakynda düzgünnamada bellenilýär.
Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan ygtyýarnamany bermek, ony bermekden ýüz öwürmek, ygtyýarnama üýtgetme we goşmaça girizmek, ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek, ygtyýarnamanyň hereketini uzaltmak, togtatmak, dikeltmek, möhletinden öň bes etmek we ony ýatyrmak, şeýle hem ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak boýunça işi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda düzgünleşdirilýär. Bu işe kabul edilmeginiň çäklendirmeleri hem-de olaryň hukuklary we borçlary, şeýle-de hususy notariuslar tarapyndan amala aşyrylýan hereketler anyk kesgitlenipdir, ýagny hususy notariuslar:
1) geleşikleri (nika şertnamalary, aliment şertnamalary we beýleki şertnamalary, şol sanda wesýetnamalary, ynanç hatlary) tassyklaýarlar;
2) mirasy goramaga zerur çäreleri görýärler;
3) mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berýärler;
4) kanun tarapyndan bellenilen halatlarda eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama berýärler;
5) kanun tarapyndan bellenilen halatlarda emlägiň aýrybaşgalanmagyna gadaganlygy girizýärler we ony aýyrýarlar;
6) resminamalaryň nusgalarynyň we olardan göçürmeleriň dogrulygyna şaýatlyk edýärler;
7) resminamalardaky gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edýärler;
8) resminamalaryň bir dilden beýleki dile terjimesiniň dogrulygyna şaýatlyk edýärler;
9) adamyň diriligi barada fakty tassyklaýarlar;
10) adamyň kesgitli bir ýerde barlygy barada fakty tassyklaýarlar;
11) adamyň ýüz keşbiniň suratdaky şekil bilen kybapdaşlygyny tassyklaýarlar;
12) resminamalaryň görkezilen wagtyny tassyklaýarlar;
13) fiziki we ýuridik şahslaryň arzalaryny beýleki fiziki we ýuridik şahslara berýärler;
14) puly we gymmatly kagyzlary depozite kabul edýärler;
15) ýerine ýetiriliş ýazgylaryny amala aşyrýarlar;
16) wekselleriň garşylyknamalaryny amala aşyrýarlar;
17) çekleri tölege görkezýärler we çekleriň tölenmänligini tassyklaýarlar;
18) resminamalary saklamak üçin kabul edýärler;
19) deňiz garşylyknamalaryny amala aşyrýarlar;
20) subutnamalary üpjün edýärler;
21) notarial resminamanyň öwezligini, notarial işinde bar bolan resminamanyň nusgasyny ýa-da resminamadan göçürme berýärler;
22) elektron resminamanyň kagyz göterijidäki görnüşini tassyklaýarlar;
23) ýuridik şahslaryň gatnaşmagynda geçirilýän gepleşiklere gatnaşmak arkaly, düzülýän teswirnamanyň (resminamalaryň) dogrulygyna şaýatlyk edýärler;
24) ýuridik şahs döredilende kabul edilen resminamalaryň, dolandyryş edarasynyň resminamalarynyň dogrulygyna şaýatlyk edýärler;
25) kanunçylykda göz öňünde tutulan beýleki notarial hereketleri amala aşyrýarlar diýlip bellenen.
Hususy notariuslaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Notariuslarynyň birleşmesini (mundan beýläk — Birleşme) döretmäge hukugynyň bardygy, olaryň döredilmegine esaslar, onuň Tertipnamasy, konferensiýasy, maliýe çeşmeleri baradaky täze kadalar berkidilipdir. Ygtyýarly wezipeli adamlar tarapyndan notarial taýdan tassyklananlara deňeşdirilýän wesýetnamalaryň we ynanç hatlarynyň tassyklanylmagy hem-de arzadaky gollaryň hakykylygyna şaýatlyk etmeklik baradaky täze kadalar bellenilipdir.
Notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar tassyklanan ynanç hatyny ýatyrmaga bolan hukugyny amala aşyrmagyň täze tertibi barada kada kabul edilendir.
Notarial hereketleri we edilen hyzmatlar üçin tölegler barada kadalar bellenipdir.
Öňki hereket eden adybir Kanunda geňeşleriň wezipeli adamlary tarapyndan amala aşyrylýan notarial hereketleriniň sanawyndan ynanç hatlaryny tassyklamak hukuklary ýatyrylandyr.
Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary tarapyndan amala aşyrylýan notarial hereketleriniň sanawyna kanun tarapyndan bellenilen halatlarda eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama bermek, notarial resminamanyň öwezligini, notarial işinde bar bolan resminamanyň nusgasyny ýa-da resminamadan göçürme bermek hukuklary göz öňünde tutulyp, är-aýalyň (öňki är-aýalyň) umumy eýeçiligindäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnama bermek ygtyýarlygy ýatyrylandyr.
Şeýle-de Kanunda ynanç hatyny ýatyrmagyň tertibi, ýagny notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar tassyklanan ynanç hatyny ýatyrmak hakynda arzany alan halatynda, bu barada ynanç hatynyň özlerinde saklanýan nusgasynda we Notarial hereketlerini bellige almagyň sanawynda bellik edýändikleri, ynanç hatyny ýatyrmak hakynda arzadaky gol notarial taýdan şaýatlyk edilen bolmalydygy baradaky kadalar bellenendir.
Şeýle hem ozal hereket eden adybir Kanunyň 83-nji maddasynda Jemagat söwdalardan gozgalmaýan emlägiň satylanlygy barada nama esasynda gozgalmaýan emlägiň ýerleşýän ýeri boýunça döwlet notariusy satyn alyja gozgalmaýan emlägiň jemagat söwdalardan edinilenligi hakynda şahadatnama berýändigi hakynda kadalaryň aýrylandygy bellenmäge degişlidir.
Bu kanunçylygyň ösüşi raýatlaryň hukuklarynyň giňelmegine hem wezipeleri adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini, eýeçiligi goramakda oňyn täsirini ýetirer.
Şunlukda, notarial işiniň hiliniň ýokarlandyrylmagy we onuň döwletiň hem-de jemgyýetiň zerurlyklaryna hemişe uýgunlaşmagy boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi Garaşsyz Watanymyzda yzygiderli alnyp barylýan demokratik ösüşiň aýrylmaz bölegi bolar.