Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Lukmançylyk maksatly neşe serişdelerini we psihotrop maddalary goýbermegiň tertibi tassyklandy

SalamNews
Syýasat / Kanunçylyk
Lukmançylyk maksatly neşe serişdelerini we psihotrop maddalary goýbermegiň tertibi tassyklandy

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2022-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda çykaran 459 belgili Buýrugy bilen neşe serişdelerini we psihotrop maddalary goýbermegiň tertibi, ýörite dermannama blanklarynyň görnüşi, olary doldurmagyň, bermegiň, bellige almagyň, hasaba almagyň we saklamagyň tertibi tassyklandy. Tertibiň kadalary bejeriş-öňüni alyş edaralary, saglyk öýleri, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň garamagyndaky saglygy goraýyş edaralary, şeýle hem degişli ygtyýarnamasy bar bolan döwlet saglygy goraýyş ulgamyna degişli Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Baş dermanhana birleşiginiň, onuň welaýat müdirlikleriniň ammarlary we dermanhana edaralary tarapyndan ýerine ýetirilmäge degişlidir.

Lukmançylyk maksatlary üçin neşe serişdeleri we psihotrop maddalary fiziki şahslara işiň görkezilen görnüşine degişli ygtyýarnamasy bar bolan döwlet saglygy goraýyş ulgamynyň dermanhana edaralarynda ýörite blanklara ýazylan dermannama boýunça goýberilýär.

Düzüminde neşe serişdelerini we psihotrop maddalary bolan derman serişdeleriniň goýberilişi dermanhana edaralarynyň resmileşdirip beren hasap-fakturalary hem-de saglygy goraýyş edaralarynyň ýörite talapnamalary boýunça amala aşyrylýar. Bu hasap-fakturalar 4 (dört) nusgada düzülip, olaryň ikisi dermanhana edaralarynda galýar, beýleki iki nusgasy bolsa saglygy goraýyş edaralarynda alnyp galynýar. Talapnamalar saglygy goraýyş edaranyň ýolbaşçysynyň ýa-da onuň orunbasarynyň goly çekilip, şol edaranyň möhüri bilen tassyklanylmalydyr.

Düzüminde neşe serişdeleri we psihotrop maddalary bolan derman serişdeleri kesgitlenen tertipde resmileşdirilen, alynýan serişdeleriň ady, şeýle hem sany ýazmaça görnüşinde görkezilen ynanç hatlary boýunça goýberilýär. Düzüminde neşe serişdeleri bolan derman serişdelerini almak boýunça jogapkär işgäre resmileşdirilýän ynanç hatynyň hereket edýän möhleti 10 (on) senenama güni bolup durýar. Düzüminde psihotrop maddalary bolan derman serişdelerini almak üçin jogapkär işgäre resmileşdirilýän ynanç hatynyň möhleti 1 (bir) aý bolup durýar.

Saglygy goraýyş edarasynyň resmileşdiren ynanç hatynda we talapnamasynda görkezilen maddy jogapkär işgär dermanhana edaralardan getiren düzüminde neşe serişdeleri we psihotrop maddalary bolan derman serişdeleri, şol edaranyň düzüminde bolan bölümleriň we otaglaryň ýolbaşçylarynyň, bellenen jogapkär saglygy goraýyş işgärleriniň gollary we edaranyň ýolbaşçysynyň möhüri bilen tassyklanan talapnama esasynda goýberilýär.

Lukmançylyk maksatlary üçin peýdalanylýan neşe serişdeleri bellenilýän gülgüne reňkde ýörite dermannama laýyklykda bellenilýän düzüminde neşe serişdeleri bolan derman serişdeleri diňe bu maksatlar üçin çäk degişliligi boýunça saglyk öýlerine berkidilen dermanhana edaralaryndan goýberilýär.

Ýörite dermannama blanklarynyň görnüşi, olary doldurmagyň, bermegiň, bellige almagyň, hasaba almagyň we saklamagyň tertibi barada giňişleýin maglumaty Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi web-saýtyndaky «Döwlet belligine alnan kadalaşdyryjy hukuk namalardan» alyp bilersiňiz.

Iň täze habarlar

Balkan welaýat adalat bölüminiň täze edara binasy açyldy

Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
SalamNews

Helga Şmid: Bitarap Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna guramanyň ýokary gyzyklanma bildirýär

1-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşdy.
SalamNews

Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidentini gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella Italiýanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
SalamNews