
«Iýmit önümlerini sertifikatlaşdyrmagyň Tertibi» Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň hem-de «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran 50/25-iş belgili bilelikdäki buýrugy bilen tassyklandy.
Bu resminama Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksini, «Sertifikatlaşdyrmak hakynda» hem-de «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen taýýarlandy. Ol Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2023-nji ýylyň 10-njy martynda 1693 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.
Täze Tertibiň tassyklanmagy bilen, şular güýjüni ýitiren diýip ykrar edildi:
1) Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2015-nji ýylyň 3-nji martynda 844 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan «Iýmit önümlerini sertifikatlaşdyrmagyň Tertibini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň 2015-nji ýylyň 13-nji fewralynda çykaran 48 belgili buýrugy;
2) Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2018-nji ýylyň 13-nji awgustynda 1149 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan «Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2015-nji ýylyň 13-nji fewralynda çykaran 48 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Iýmit önümlerini sertifikatlaşdyrmagyň Tertibine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda» Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň 2018-nji ýylyň 24-nji iýulynda çykaran 253 belgili buýrugy.
Iýmit önümlerini sertifikatlaşdyrmagyň TERTIBI
I bap. Umumy düzgünler
1. Şu Iýmit önümlerini sertifikatlaşdyrmagyň Tertibi (mundan beýläk - Tertip) Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksiniň, «Sertifikatlaşdyrmak hakynda» we «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň talaplaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy hem-de Türkmenistanda öndürilýän, Türkmenistandan daşary ýurt döwletlerine eksport edilýän, Türkmenistana daşary ýurt döwletlerinden getirilýän iýmit önümleri, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallary (mundan beýläk - önüm) sertifikatlaşdyrylmagyň tertibini we daşary ýurt döwletleri tarapyndan berlen sertifikatlaşdyrmak boýunça resminamalaryň ykrar edilmeginiň tertibini kesgitleýär.
2. Şu Tertibiň talaplary sertifikatlaşdyrmak boýunça işleri amala aşyrmak üçin bellenilen tertipde akkreditirlenen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyndaky edaralar, bilermen-auditorlar, synag barlaghanalary (merkezleri), önümleri öndürýän, ýerleýän we onuň howpsuzlygy, hili üçin jogapkärçilik çekýän fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmanydyr.
3. Şu Tertipde ulanylýan düşünjeleriň manysy Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine, «Sertifikatlaşdyrmak hakynda» hem-de «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda kesgitlenilýär, şeýle hem şu Tertibiň maksatlary üçin aşakda görkezilen esasy düşünjeler ulanylýar:
1) Arza beriji – sertifikatlaşdyrmak boýunça edaralaryna önümleri sertifikatlaşdyrmak üçin ýüz tutýan fiziki ýa-da ýuridik şahslar;
2) barabarlygy geçirmek – sertifikatlaşdyrmak üçin berlen arzadaky önümiň ady we beýleki maglumatlaryň sertifikatlaşdyrylýan (barlanýan) önüme laýykdygyny kesgitlemek boýunça geçirilýän iş;
3) daşky gözden geçiriş işi – kadalaşdyryjy resminamalarda önümleriň daşky gözden geçirilişine bellenen talaplary boýunça geçirilýän barlaglar;
4) önüm – sertifikatlaşdyrmagyň obýekti bolup durýan iýmit önümleri, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallar;
5) synaglaryň netijeleri – önümleriň howpsuzlygynyň we hiliniň häsiýetlerini kesgitlemek boýunça geçirilen barlaghana synaglarynyň (beýannamasy) netijenamasy;
6) sertifikatlaşdyrmak boýunça edaralar – bellenilen tertipde akkreditirlenen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyndaky edaralary.
4. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edaranyň hünärmeniniň sertifikatlaşdyrylýan önümleriň ýerleşýän ýerine gitmegi, önümleriň akkreditirlenen synag barlaghana eltilmegi, synaglaryň beýannamalarynyň (teswirnamalarynyň) sertifikatlaşdyrmak boýunça edara gowşurylmagy Arza beriji tarapyndan üpjün edilýär.
II bap. Türkmenistana daşary ýurt döwletlerinden getirilýän iýmit önümlerini sertifikatlaşdyrmak
5. Türkmenistana daşary ýurt döwletlerinden getirilýän önümleri sertifikatlaşdyrmak üçin Arza beriji tarapyndan Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara şu aşakdaky sanaw boýunça resminamalary «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň üsti bilen ýa-da kagyz görnüşinde we (ýa-da) elektron görnüşde tabşyrylyp bilner:
1) arza;
2) ýuridik şahs üçin – Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek barada şahadatnama, Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme, şeýle hem ygtyýarly wekiliniň ygtyýarlygyny ýuridik şahsyň möhri we onuň ýolbaşçysynyň goly bilen tassyklanan ynanç hatynyň nusgasy;
3) fiziki şahs üçin – hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky resminamanyň, onuň ygtyýarly wekili üçin notarial taýdan ýa-da hususy telekeçiniň möhri bilen tassyklanan ynanç hatynyň we pasportynyň nusgalary;
4) gelip çykyşy haýwandan we ösümlikden bolan önümler üçin bolsa, olaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplaryna laýyk gelýändigini degişliligi boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň we onuň ýerli edarasynyň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ösümlikleriň karantini gullugynyň we onuň ýerli edarasynyň beren önümiň hilini tassyklaýan resminamasynyň nusgasy;
5) gümrük deklarasiýasynyň nusgasy;
6) daşalýan halkara ýükleriň ýan hatynyň nusgasy;
7) gümrük edaralary tarapyndan berilýän harytlaryň wagtlaýyn saklanylýan ýere ýerleşdirilendigi hakynda delilnamanyň nusgasy;
8) şertnamanyň nusgasy (önüm Türkmenistana şertnama boýunça getirilen ýagdaýynda);
9) önümleriň gelip çykyşyny tassyklaýan resminamanyň nusgasy;
10) önümleriň howpsuzlygyny we (ýa-da) hilini tassyklaýan resminamanyň nusgasy;
11) önümler bir atdan köp bolan halatynda arzanyň ýany bilen ýöriteleşdirilen nama (spesifikasiýa) goşulýar, onda önümiň ady, mukdary, öndürilen senesi, ýaramlylyk möhleti barada maglumatlar görkezilýär. Ýöriteleşdirilen namanyň her sahypasynda arza beriji gol çekýär, arza beriji ýuridik şahs bolan halatynda möhür hem goýulýar. Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasyna laýyklykda ol harytlaryň dokuz belgili toparlara bölüniş kodlary we önümler babatda Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasynda goşmaça ölçeg birligi bellenilen bolsa, olaryň goşmaça ölçeg birligindäki mukdary hem görkezilip bilner.
6. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edaranyň bölüminiň (bölümçesiniň) müdiri tabşyrylan resminamalaryň dogrulygyny we dolydygyny seljermek we sertifikatlaşdyrmak boýunça işleri ýerine ýetirmek üçin oňa 1 (bir) iş gününiň dowamynda tabşyryk (rezolýusiýa) goýýar we hünärmen belleýär hem-de arza bellenilen görnüşdäki kitapda ýa-da elektron kitapda hasaba alynýar.
7. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edaranyň bellenilen hünärmeni 3 (üç) iş gününiň dowamynda arza boýunça şu işleri geçirýär:
1) önümler üçin kadalaşdyryjy resminamalary öwrenmek;
2) önümleriň nusgalyklaryny seçip almak usullaryny öwrenmek;
3) akkreditirlenen synag barlaghanasyny kesgitlemek;
4) önümleriň döwlet tarapyndan bellige alnandygy baradaky maglumatlary öwrenmek.
8. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edaranyň hünärmeni arza berijiniň ýa-da onuň wekiliniň gatnaşmagynda şu aşakdaky işleri geçirýär:
1) önümleriň arzada görkezilen ady bilen barabarlygyny;
2) önümleriň daşky gözden geçirişini;
3) önümleriň barlaghana synaglaryny geçirmek üçin nusgalyklaryň seçilip alynmagyny.
9. Önümleriň daşky gözden geçirilişi we barlaghana synaglary üçin önümleriň nusgalyklarynyň seçilip alynmagy olaryň ýerleşýän ýerinde geçirilýär. Önümleriň daşky gözden geçiriliş işi hünärmen tarapyndan arza berijiniň gatnaşmagynda geçirilýär. Daşky gözden geçirilişiň netijeleri boýunça delilnama düzülýär.
10. Barlaghanada synaglary geçirmek üçin hereket edýän kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklykda we synaglary geçirmek mümkinçiligini üpjün edýän mukdarda nusgalyk alynýar. Dürli agramda ýa-da göwrümde birmeňzeş gaplara gaplanan, şol bir görnüşli önümden barlaghana synaglary üçin nusgalyklar saýlama görnüşinde alnyp bilner.
Bu barada hünärmen daşky gözden geçirişiň delilnamasynda görkezmelidir. Önümiň seçip alyş delilnamasy 2 (iki) nusgada düzülýär, olaryň biri Arza berijä berilýär, ikinjisi sertifikatlaşdyrmak boýunça edarasynda galdyrylýar.
11. Nusgalyklary barlaghana ibermek üçin, iki nusgada ýollanma düzülýär. Olaryň biri nusgalar bilen bilelikde sertifikatlaşdyryş synaglaryny geçirmek üçin barlaghana iberilýär, ikinjisi bolsa sertifikatlaşdyrmak boýunça edarasynda galdyrylýar.
12. Seçilip alnan önümleriň nusgalyklarynyň sertifikatlaşdyrmak boýunça synaglary akkreditirlenen barlaghanada geçirilýär, şeýle barlaghana bolmadyk mahalynda synaglar attestatlaşdyrylan barlaghanada geçirilip bilner. Synaglaryň netijeleri bellenilen tertipde tassyklanylan beýannama (teswirnama) görnüşinde resmileşdirilýär.
Barlaghanada önümleriň nusgalyklarynda geçirilen synaglaryň netijeleri şübheli ýa-da kanagatlanarsyz bolan ýagdaýynda, şol önümlerden kadalaşdyryjy resminamalarda görkezilen kadadan iki esse artyk mukdarda bir gezek gaýtadan nusgalyklar alnyp barlaghana synaglaryndan geçirilip bilner, şunda onuň netijeleri gutarnykly hasap edilýär.
13. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edaranyň hünärmeni önümlere geçirilen seljermeleriň we barlaghanada geçirilen synaglaryň kanagatlanarly netijelerini alnandan, şeýle-de, arza beriji tarapyndan agzalan işlere bellenilen tölegi geçirilenden soň, iki asyl nusgada laýyklyk sertifikatyny resmileşdirýär we nusgasy Sertifikatlaşdyrmak boýunça edarada galdyrylýar.
14. Laýyklyk sertifikatynyň iki asyl nusgalary sertifikatlaşdyrmak boýunça edaranyň ýolbaşçysynyň goly we Türkmenistanyň döwlet tugrasy şekillendirilen we öz ady ýazylan möhür bilen tassyklanylýar.
15. Sertifikatlaşdyrylýan önümler bir görnüşden köp bolan halatynda, laýyklyk sertifikatynyň ýanyna, şol önümleriň doly ady, mukdary, öndürilen senesi, ýaramlylyk möhleti görkezilen ýöriteleşdirilen nama (spesifikasiýa) goşulýar. Onuň her sahypasynda laýyklyk sertifikaty taýýarlan hünärmen tarapyndan gol çekilýär we sertifikatlaşdyrmak boýunça edarasynyň bu maksat üçin ulanylýan möhüri bilen tassyklanylýar, şol ýerde laýyklyk sertifikatynyň belgisi we berlen senesi hem-de hereket ediş möhleti ýazylýar.
16. Laýyklyk sertifikaty sertifikatlaşdyrylýan önümleriň ýaramlylyk möhleti we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplar göz öňünde tutulyp, hakyky mukdaryna berilýär, emma onuň hereket ediş möhleti 1 (bir) ýyldan köp bolmaly däldir.
Laýyklyk sertifikatynyň hereketi gutaran halatynda, gaýtadan sertifikatlaşdyryş işi geçirilip, önümleriň galan mukdaryny görkezmek hem-de ýaramlylyk möhletini göz öňünde tutmak bilen laýyklyk sertifikatynyň möhleti uzaldylyp bilner.
17. Laýyklyk sertifikat sertifikatlaşdyrmak boýunça edara tarapyndan bellenilen görnüşdäki kitapda ýa-da elektron kitapda hasaba alynýar.
18. Önüme geçirilen seljermeleriň we barlaghanada geçirilen synaglaryň netijeleriniň kanagatlanarsyz bolan halatynda, arza berijä, önümi getirmegi, ýerlemegi we ulanmagy gadagan edilýär.
III bap. Türkmenistanda öndürilýän önümleri sertifikatlaşdyrmak
19. Türkmenistanda öndürilýän önümleri sertifikatlaşdyrmak üçin Arza beriji tarapyndan sertifikatlaşdyrmak boýunça edara şu aşakdaky sanaw boýunça resminamalary elektron ýa-da kagyz görnüşinde tabşyrylýar:
1) arza;
2) ýuridik şahs üçin – Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek barada şahadatnama, Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme, şeýle hem ygtyýarly wekiliniň ygtyýarlygyny ýuridik şahsyň möhri we onuň ýolbaşçysynyň goly bilen tassyklanan ynanç hatynyň nusgasy;
3) fiziki şahs üçin – hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky resminamanyň, onuň ygtyýarly wekili üçin notarial taýdan ýa-da hususy telekeçiniň möhri bilen tassyklanan ynanç hatynyň we pasportynyň nusgalary;
4) gelip çykyşy haýwandan we ösümlikden bolan önümler üçin bolsa, olaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplaryna laýyk gelýändigini degişliligi boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň we onuň ýerli edarasynyň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ösümlikleriň karantini gullugynyň we onuň ýerli edarasynyň beren önümiň hilini tassyklaýan resminamasynyň nusgasy;
5) önümler bir atdan köp bolan halatynda arzanyň ýanyna şol önümleriň doly ady we kadalaşdyryjy resminamasy görkezilen ýöriteleşdirilen nama (spesifikasiýa) goşulýar. Ýöriteleşdirilen namanyň her sahypasynda arza beriji gol çekýär, arza beriji ýuridik şahs bolan halatynda möhür hem goýulýar;
6) önümleriň bildirilýän kadalara laýyk gelşini tassyklamak üçin önüme degişli:
a) kadalaşdyryjy resminamasyny;
b) azyklyk çig mallarynyň hiline we howpsuzlygyna degişli resminamanyň nusgasyny;
ç) tehnologiki gözükdirijisiniň nusgasyny;
d) taýýarlanyş usulynyň nusgasyny;
e) etiketkasynyň nusgasyny;
7) önümçilik barlaghanasynyň attestat şahadatnamasynyň ýa-da akkreditirlenen we (ýa-da) attestatlaşdyrylan barlaghanalar bilen baglaşylan şertnamasynyň nusgasy.
20. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edaranyň bölüminiň (bölümçesiniň) müdiri tabşyrylan resminamalaryň dogrulygyny we toplumlaýyndygyny seljermek we sertifikatlaşdyrmak boýunça işleri ýerine ýetirmek üçin 1 (bir) iş gününiň dowamynda tabşyryk (rezolýusiýa) goýýar we hünärmen belleýär hem-de arza bellenilen görnüşdäki kitapda ýa-da elektron kitapda hasaba alynýar.
21. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edaranyň bellenilen hünärmen 3 (üç) iş gününiň dowamynda arza boýunça şu işleri geçirýär:
1) önümler üçin kadalaşdyryjy resminamalary öwrenmek;
2) önümleriň nusgalyklaryny seçip almak usullaryny öwrenmek;
3) akkreditirlenen synag barlaghanasyny kesgitlemek.
22. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edaranyň hünärmeni arza berijiniň ýa-da onuň wekiliniň gatnaşmagynda şu aşakdaky işleri geçirýär:
1) önümleriň arzada görkezilen ady bilen barabarlygyny;
2) önümleriň daşky gözden geçirişini;
3) önümleriň barlaghana synaglaryny geçirmek üçin nusgalyklaryň seçilip alynmagyny.
23. Önümleriň daşky gözden geçirilişi we barlaghana synaglary üçin önümleriň nusgalyklarynyň seçilip alynmagy önümiň ýerleşýän ýerinde geçirilýär we delilnama düzülýär.
24. Barlaghanada synaglary geçirmek üçin hereket edýän kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklykda we synaglary geçirmek mümkinçiligini üpjün edýän mukdarda nusgalyk alynýar. Dürli agramda ýa-da göwrümde birmeňzeş gaplara gaplanan, şol bir görnüşli önümden barlaghana synaglary üçin nusgalyklar saýlama görnüşinde alnyp bilner.
Bu barada seçip alyş delilnamasy 2 (iki) nusgada düzülýär, olaryň biri Arza berijä berilýär, ikinjisi sertifikatlaşdyrmak boýunça edarasynda galdyrylýar.
25. Önümleriň synaglary aýry-aýry barlaghanalarda geçirilen halatynda, nusgalyklaryň ýollanmasy her bir barlaghana üçin aýratynlykda iki nusgada düzülýär we olaryň biri nusgalar bilen bilelikde sertifikatlaşdyryş synaglaryny geçirmek üçin barlaghana iberilýär, ikinjisi bolsa sertifikatlaşdyrmak boýunça edarasynda galdyrylýar.
26. Seçilip alnan önümleriň nusgalyklarynyň sertifikatlaşdyrmak boýunça synaglary akkreditirlenen barlaghanada geçirilýär, şeýle barlaghana bolmadyk mahalynda synaglar attestatlaşdyrylan barlaghanada geçirilip bilner. Synaglaryň netijeleri bellenilen tertipde tassyklanylan beýannama (teswirnama) görnüşinde resmileşdirilýär.
27. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edaranyň hünärmeni önümlere geçirilen seljermeleriň we barlaghanada geçirilen synaglaryň netijeleri kanagatlanarly bolan ýagdaýynda, şeýle hem arza beriji tarapyndan agzalan işlere bellenilen tölegleriň geçirilenden soň, iki asyl nusgada laýyklyk sertifikatyny resmileşdirýär.
Barlaghanada önümleriň nusgalyklarynda geçirilen synaglaryň şübheli ýa-da kanagatlanarsyz bolan ýagdaýynda, şol önümlerden kadalaşdyryjy resminamalarda görkezilen kadadan iki esse artyk mukdarda bir gezek gaýtadan nusgalyklar alnyp barlaghana synaglaryndan geçirilip, şunda onuň netijeleri gutarnykly hasap edilýär.
28. Laýyklyk sertifikatynyň iki asyl nusgalary sertifikatlaşdyrmak boýunça edaranyň ýolbaşçysynyň goly, Türkmenistanyň döwlet tugrasy şekillendirilen we edaranyň ady ýazylan möhür bilen tassyklanylýar, onuň nusgasy Sertifikatlaşdyrmak boýunça edarada galdyrylýar.
29. Sertifikatlaşdyrylýan önümler bir görnüşden köp bolan halatynda, laýyklyk sertifikatynyň ýanyna, şol önümleriň doly ady we kadalaşdyryjy resminamasy görkezilen ýöriteleşdirilen nama (spesifikasiýa) goşulýar. Onuň her sahypasynda laýyklyk sertifikaty taýýarlan hünärmen tarapyndan gol çekilýär we sertifikatlaşdyrmak boýunça edarasynyň bu maksat üçin ulanylýan möhüri bilen tassyklanylýar, şol ýerde laýyklyk sertifikatynyň belgisi we berlen senesi hem-de hereket ediş möhleti ýazylýar.
30. Laýyklyk sertifikat Sertifikatlaşdyrmak boýunça edarada bellenilen görnüşdäki kitapda ýa-da elektron kitapda hasaba alynýar.
31. Önüme geçirilen seljermeleriň we barlaghanada geçirilen synaglaryň netijeleriniň kanagatlanarsyz bolan halatynda, arza berijä, önümi öndürmegi, ýerlemegi we ulanmagy gadagan edilýär.
32. Sertifikatlaşdyryş işini önümlere barlaghanada geçirilýän synaglaryň we önümçiligiň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, sertifikatlaşdyrmak boýunça edara tarapyndan tapgyrlaýyn öndürilýän önümleriň görnüşine ýa-da öndürilen önümiň tapgyryna laýyklyk sertifikaty berlip bilner.
33. Sertifikatlaşdyryş işi, önümleriň resminamalaryny we materiallaryny seljermek hem-de her bir anyk önümiň synaglaryny geçirmek üçin kadalaşdyryjy resminamalarda göz öňünde tutulan möhletde amala aşyrylýar, emma ol möhlet iki hepdeden köp bolmaly däldir.
Hasaba alnan arza sertifikatlaşdyrmak boýunça edara tarapyndan şu aşakdaky ýagdaýlarda seredilmän galdyrylýar. Eger Arza beriji:
1) sertifikatlaşdyrmagyň şertlerini ýerine ýetirmekden boýun gaçyrsa ýa-da 10 (on) iş gününden köp wagtda sertifikatlaşdyryş işine gatnaşmasa;
2) bir aýyň dowamynda hasap-fakturasy boýunça çykdajylary tölemese;
3) hasaba alnan arzanyň seredilmän galdyrylmagyny sorap arza ýazsa.
34. Sertifikatlaşdyrmak işleriniň arza beriji bilen bagly sebäplere görä togtadylan halatynda, bu barada Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara tarapyndan arza berijä resmi taýdan habar berilýär.
35. Laýyklyk sertifikatyň hereket edýän möhleti önümleriň ýaramlylyk möhletlerine, önümleriň kadalaşdyryjy resminamalaryna laýyklykda, şeýle-de önümleriň önümçiligine baha bermek işiniň netijesinde kesgitlenilýär, emma onuň möhleti 1 (bir) ýyldan köp bolmaly däldir.
IV bap. Türkmenistandan daşary ýurt döwletlerine eksport edilýän önümleri sertifikatlaşdyrmak
36. Türkmenistandan daşary ýurt döwletlerine eksport edilýän önümine laýyklyk sertifikaty «Sertifikatlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 14-nji maddasyna laýyklykda arza berijiniň meýletin arzasy esasynda resmileşdirilýär.
37. Türkmenistandan daşary ýurt döwletlerine eksport edilýän önümleri sertifikatlaşdyrmak üçin Arza beriji tarapyndan sertifikatlaşdyrmak boýunça edara şu aşakdaky sanaw boýunça resminamalary elektron ýa-da kagyz görnüşinde tabşyrylýar:
1) arza;
2) ýuridik şahs üçin – Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek barada şahadatnama, Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme, şeýle hem ygtyýarly wekiliniň ygtyýarlygyny ýuridik şahsyň möhri we onuň ýolbaşçysynyň goly bilen tassyklanan ynanç hatynyň nusgasy;
3) fiziki şahs üçin – hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky resminamanyň, onuň ygtyýarly wekili üçin notarial taýdan ýa-da hususy telekeçiniň möhri bilen tassyklanan ynanç hatynyň we pasportynyň nusgalary;
4) gelip çykyşy haýwandan we ösümlikden bolan önümler üçin bolsa, olaryň Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň we onuň ýerli edarasynyň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ösümlikleriň karantini gullugynyň we onuň ýerli edarasynyň beren önümiň hilini tassyklaýan resminamasynyň nusgasy;
5) önümler bir atdan köp bolan halatynda arzanyň ýany bilen ýöriteleşdirilen nama (spesifikasiýa) goşulýar, onda önümiň ady, mukdary, öndürilen senesi, ýaramlylyk möhleti barada maglumatlar görkezilýär. Ýöriteleşdirilen namanyň her sahypasynda arza beriji gol çekýär, arza beriji ýuridik şahs bolan halatynda möhür hem goýulýar. Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasyna laýyklykda ol harytlaryň dokuz belgili toparlara bölüniş kodlary we önümler babatda Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasynda goşmaça ölçeg birligi bellenilen bolsa, olaryň goşmaça ölçeg birligindäki mukdary hem görkezilip bilner;
6) önümleriň bildirilýän kadalara laýyk gelşini tassyklamak üçin önüme degişli:
a) kadalaşdyryjy resminamasyny;
b) azyklyk çig mallarynyň hiline we howpsuzlygyna degişli resminamanyň nusgasyny;
ç) etiketkasynyň nusgasyny.
38. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edaranyň bölüminiň (bölümçesiniň) ýolbaşçysy arzada görkezilen maglumatlaryň we tabşyrylan resminamalaryň dogrulygyny seljermek, sertifikatlaşdyrmak boýunça işleri ýerine ýetirmek üçin 1 (bir) iş gününiň dowamynda tabşyryk (rezolýusiýa) goýýar we hünärmen belleýär hem-de arza bellenilen görnüşdäki kitapda ýa-da elektron kitapda hasaba alynýar.
39. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edaranyň bellenilen hünärmeni 1 (bir) iş gününiň dowamynda arza boýunça şu işleri geçirýär:
1) önümler üçin kadalaşdyryjy resminamalary öwrenmek;
2) önümleriň nusgalyklaryny seçip almak usullaryny öwrenmek;
3) akkreditirlenen synag barlaghanasyny kesgitlemek;
4) önümleriň döwlet tarapyndan bellige alnandygy baradaky maglumatlary öwrenmek.
40. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edaranyň hünärmeni arza berijiniň ýa-da onuň wekiliniň gatnaşmagynda şu aşakdaky işleri geçirýär:
1) önümleriň arzada görkezilen ady bilen barabarlygyny;
2) önümleriň daşky gözden geçirişini;
3) önümleriň barlaghana synaglaryny geçirmek üçin nusgalyklaryň seçilip alynmagyny we barlaghana eltilmegini.
41. Önümleriň daşky gözden geçirilişi we barlaghana synaglary üçin önümleriň nusgalyklarynyň seçilip alynmagy önümiň ýerleşýän ýerinde geçirilýär. Daşky gözden geçirilişiň netijeleri boýunça delilnama düzülýär.
42. Barlaghanada synaglary geçirmek üçin hereket edýän kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklykda we synaglary geçirmek mümkinçiligini üpjün edýän mukdarda nusgalyk alynýar. Dürli agramda ýa-da göwrümde birmeňzeş gaplara gaplanan, şol bir görnüşli önümden barlaghana synaglary üçin nusgalyklar saýlama görnüşinde alnyp bilner. Bu barada seçip alyş delilnamasy 2 (iki) nusgada düzülýär, olaryň biri Arza berijä berilýär, ikinjisi sertifikatlaşdyrmak boýunça edarasynda galdyrylýar.
43. Önümleriň synaglary aýry-aýry barlaghanalarda geçirilen halatynda, nusgalyklaryň ýollanmasyny her bir barlaghana üçin aýratynlykda düzülýär hem-de laýyklyk sertifikatynda ähli barlaghana synaglarynyň netijeleri görkezilýär.
44. Nusgalyklary barlaghana ibermek üçin, iki nusgada ýollanma düzülýär. Olaryň biri nusgalar bilen bilelikde sertifikatlaşdyryş synaglaryny geçirmek üçin barlaghana iberilýär, ikinjisi bolsa sertifikatlaşdyrmak boýunça edarasynda galdyrylýar.
45. Seçilip alnan önümleriň nusgalyklarynyň sertifikatlaşdyrmak boýunça synaglary akkreditirlenen barlaghanada geçirilýär, şeýle barlaghana bolmadyk mahalynda synaglar attestatlaşdyrylan barlaghanada geçirilip bilner. Synaglaryň netijeleri bellenilen tertipde tassyklanylan beýannama (teswirnama) görnüşinde resmileşdirilýär.
46. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara önümlere geçirilen seljermeleriň we barlaghanada geçirilen synaglaryň kanagatlanarly netijelerini alnandan, şeýle-de, arza beriji tarapyndan agzalan işlere bellenilen tölegi geçirilenden soň, iki asyl nusgada laýyklyk sertifikatyny resmileşdirýär.
47. Laýyklyk sertifikatynyň iki asyl nusgalary sertifikatlaşdyrmak boýunça edaranyň ýolbaşçysynyň goly, Türkmenistanyň döwlet tugrasy şekillendirilen we edaranyň ady ýazylan möhür bilen tassyklanylýar, onuň nusgasy Sertifikatlaşdyrmak boýunça edarada galdyrylýar.
48. Sertifikatlaşdyrylýan önümler bir görnüşden köp bolan halatynda, laýyklyk sertifikatynyň ýanyna, şol önümleriň doly ady, mukdary, öndürilen senesi, ýaramlylyk möhleti görkezilen ýöriteleşdirilen nama (spesifikasiýa) goşulýar. Onuň her sahypasynda laýyklyk sertifikaty taýýarlan hünärmen tarapyndan gol çekilýär we sertifikatlaşdyrmak boýunça edarasynyň bu maksat üçin ulanylýan möhüri bilen tassyklanylýar, şol ýerde laýyklyk sertifikatynyň belgisi we berlen senesi hem-de hereket ediş möhleti ýazylýar.
49. Laýyklyk sertifikat Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara tarapyndan bellenilen görnüşdäki kitapda ýa-da elektron kitapda hasaba alynýar.
50. Önüme geçirilen seljermeleriň we barlaghanada geçirilen synaglaryň netijeleriniň kanagatlanarsyz bolan halatynda, arza berijä, önümiň tapgyryny ýerlemegi we ulanmagy gadagan edilýär.
51. Sertifikatlaşdyryş işi, önümleriň resminamalaryny we materiallaryny seljermek hem-de kadalaşdyryjy resminamalarynda anyk önümiň synaglaryny geçirmek üçin göz öňünde tutulan möhletde amala aşyrylýar, emma ol möhlet iki hepdeden köp bolmaly däldir.
52. Laýyklyk sertifikatyň hereket edýän möhleti önümleriň ýaramlylyk möhletlerine, önümleriň kadalaşdyryjy resminamalaryna laýyklykda, şeýle-de önümiň önümçiligine baha bermek işiniň netijesinde kesgitlenilýär.
V bap. Türkmenistana daşary ýurt döwletlerinden getirilýän önümleri sertifikatlaşdyrylanda önümleriň hilini, howpsuzlygyny tassyklaýan daşary ýurt sertifikatlaryny ýa-da önümiň barlaghana synaglarynyň netijelerini ykrar etmek
53. «Sertifikatlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 18-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistana daşary ýurt döwletlerinden getirilýän önüm sertifikatlaşdyrylanda, önümiň hilini we howpsuzlygyny tassyklaýan daşary ýurt döwletleriniň sertifikatlaşdyrmak boýunça edaralarynyň beren laýyklyk sertifikatlary ýa-da önümiň barlaghana synaglarynyň netijeleri Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda ykrar edilýär.
Laýyklyk sertifikatlarynyň özara ykrar edilmegi hakynda ikitaraplaýyn halkara şertnamasy baglaşylmadyk bolsa, şeýle hem daşary ýurt döwletlerinden getirilýän önümler üçin hasaba alnan (Döwlet sanawynda) sertifikatlaşdyrmak boýunça Türkmenistanda hereket edýän kadalaşdyryjy resminamalar bolmadyk halatynda, sertifikatlaşdyrmak maksady bilen, öndürijiden ýa-da daşary ýurt döwletleriniň sertifikatlaşdyrmak boýunça edarasyndan önümleriň hilini we howpsuzlygyny tassyklaýan resminamalaryň ykrar edilmegine we ulanylmagyna sertifikatlaşdyrmak boýunça edara tarapyndan bellenilen tertipde rugsat berilýär.
54. Türkmenistana daşary ýurt döwletlerinden getirilýän önümler sertifikatlaşdyrylanda, daşary ýurt döwletleriniň laýyklyk sertifikatlarynyň ýa-da önümleriň barlaghana synaglarynyň netijeleriniň ykrar edilmegi üçin Arza beriji sertifikatlaşdyrmak boýunça edara kagyz ýa-da sanly ulgam arkaly elektron görnüşde arza bilen ýüz tutýar we arzanyň ýanyna ykrar ediljek resminamanyň aşakdakylaryndan birini döwlet diline terjime edilen nusgasy bilen teklip edip biler:
1) daşary ýurt döwletiniň sertifikatlaşdyrmak boýunça edarasy tarapyndan berlen laýyklyk sertifikatynyň nusgasy;
2) önümiň barlaghana synaglarynyň netijeleriniň nusgasy;
3) önümçiligi sertifikatlaşdyrylan kärhananyň möhüri bilen tassyklanan tapgyrlaýyn (seriýalaýyn) öndürilýän önümlere berlen laýyklyk sertifikatynyň nusgasy;
4) ýörite kagyzda nusgalanan laýyklyk sertifikatynyň (barlaghana synaglarynyň netijesiniň) nusgasy;
5) «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda şaýatlyk edilen laýyklyk sertifikatynyň (barlaghana synaglarynyň netijesiniň) nusgasy.
Arza beriji ýokarda görkezilen resminamalaryň hakykylygyna doly jogapkärçilik çekýär.
55. Ykrar edilmäge hödürlenýän resminamalar uly möçberde bolanda Arza beriji sertifikatlaşdyrmak boýunça edara arzanyň ýany bilen goşundy hökmünde tabşyrýar.
56. Türkmenistana daşary ýurt döwletlerinden getirilýän önümler sertifikatlaşdyrylanda, önümiň hilini we howpsuzlygyny tassyklaýan daşary ýurt döwletleriniň sertifikatlaşdyrmak boýunça edarasynyň beren laýyklyk sertifikatlaryny ýa-da önümiň barlaghana synaglarynyň netijelerini ykrar etmek, bu önümleriň arzada görkezilen ady bilen barabarlygyny deňeşdirmek hem-de önümiň daşky gözden geçiriş işini geçirmek arkaly amala aşyrylýar.
VI bap. Laýyklyk sertifikatyny gaýtadan resmileşdirmek we onuň öwezligini bermek
57. Laýyklyk sertifikatlaryny gaýtadan resmileşdirmek işi, şu Tertibe laýyklykda laýyklyk sertifikaty resmileşdirilen önüme (önümlere) başga ýuridik we fiziki şahslaryň adyna laýyklyk sertifikatyny täze hasaba alyş belgi bilen gaýtadan resmileşdirip bermekden ybarat bolup durýar.
Laýyklyk sertifikatyny gaýtadan resmileşdirilmegi laýyklyk sertifikatyny hasaba alan ýa-da önümleriň şol wagtda ýerleşýän ýerine degişlilikde Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara tarapyndan amala aşyrylýar.
58. Arza beriji tarapyndan laýyklyk sertifikatyny gaýtadan resmileşdirmek üçin Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara şu aşakdaky sanaw boýunça resminamalary (kagyz ýa-da sanly ulgam arkaly elektron görnüşde) tabşyrylmalydyr:
1) arza;
2) ýuridik şahs üçin – Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek barada şahadatnama, Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme, şeýle hem ygtyýarly wekiliniň ygtyýarlygyny ýuridik şahsyň möhri we onuň ýolbaşçysynyň goly bilen tassyklanan ynanç hatynyň nusgasy;
3) fiziki şahs üçin – hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky resminamanyň, onuň ygtyýarly wekili üçin notarial taýdan ýa-da hususy telekeçiniň möhri bilen tassyklanan ynanç hatynyň we pasportynyň nusgalary;
4) gelip çykyşy haýwandan we ösümlikden bolan önümler üçin bolsa, olaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplaryna laýyk gelýändigini degişliligi boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň we onuň ýerli edarasynyň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ösümlikleriň karantini gullugynyň we onuň ýerli edarasynyň beren önümiň hilini tassyklaýan resminamasynyň nusgasy;
5) önümler bir atdan köp bolan halatynda arzanyň ýany bilen ýöriteleşdirilen nama (spesifikasiýa) goşulýar;
6) özünde laýyklyk sertifikatynyň belgisini, berlen senesini, sertifikatlaşdyrylan önümleriň adyny, galan mukdary, önümiň ýerleşýän ýeriniň salgysy barada maglumaty bolan hat;
7) önümiň satyn almak, satmak baradaky şertnamanyň tassyklanan nusgasy (ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen eýeçilik hukugynyň geçendigini tassyklaýan başga resminama).
Arzanyň ýanyna gaýtadan resmileşdirilmeli laýyklyk sertifikatynyň nusgasy hem goşulýar.
59. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara önümleriň galan mukdarynyň saklanyş şertleriniň barlagyny, önümiň daşky gözden geçirişini (önüm talaba laýyk saklanmadyk ýagdaýynda ýa-da daşalanda, ýüklenip-düşürilende kadalaşdyryjy resminamalar berjaý edilmese, önümiň hiline şübhe dörän halatynda barlaghana synaglaryny) amala aşyrýar we geçirilen işleriň oňyn netijeleri esasynda, önümleri ýerlemek we ulanmak möhletine baglylykda her bir anyk ýagdaýda laýyklyk sertifikatynyň gaýtadan resmileşdirmek barada netijä gelýär. Gaýtadan resmileşdirilen sertifikatda «Gaýtadan resmileşdirilen» diýlen ýazgy ýazylýar.
60. Daşky gözden geçiriş seljermesiniň (barlaghana synaglarynyň) netijeleri boýunça önüm kadalaşdyryjy resminamanyň talaplaryna laýyk gelmedik ýagdaýynda, Arza berijä laýyklyk sertifikatyny gaýtadan resmileşdirmek mümkinçiliginiň ýokdugy hakynda ýazmaça 5 (bäş) iş güne çenli möhletde habar berilýär, şeýle-de önümi ýerlemegi, satmagy, ulanmagy gadagan ediş namasy resmileşdirilýär.
61. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara ýitirilen we zeper ýeten (zaýalanan) laýyklyk sertifikatynyň öwezligini berýär.
62. Laýyklyk sertifikatynyň öwezligini almak üçin Arza beriji Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara arza bilen ýüz tutýar. Arza beriji arzada laýyklyk sertifikatynyň berlen senesini, belgisini, önümiň galan mukdaryny we bahasyny görkezýär.
63. Arzanyň ýanyna laýyklyk sertifikatynyň ýitirilendigi barada habary saklaýan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatynyň nusgasy ýa-da habaryň ýerleşdirilendigini tassyklaýan köpçülikleýin habar beriş edarasynyň haty goşulýar. Eger laýyklyk sertifikatyna zeper ýeten (zaýalanan) bolsa, zeper ýeten (zaýalanan) nusgasy Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara tabşyrylmalydyr.
Öwezlik nusga berilýän laýyklyk sertifikaty munuň özi sertifikatlaşdyrmak boýunça edarada saklanýan laýyklyk sertifikatynyň asyl nusganyň göçürmesine «Öwezlik nusga» ýazgy ýazylýar, sertifikatlaşdyrmak boýunça edaranyň wezipeli adamlary gol çekýär we goly möhür bilen berkidilýär.
64. Laýyklyk sertifikatynyň öwezligi 3 (üç) iş gününiň dowamynda muzdsuz resmileşdirilýär.
VII bap. Laýyklyk sertifikatynyň hereketini togtatmak we ýatyrmak
65. Önümleriň kadalaşdyryjy resminamalarda bellenilen talaplara laýyk gelmeýändigi ýüze çykarylan halatynda laýyklyk sertifikatynyň hereketi togtadylyp ýa-da ýatyrylyp bilner.
66. Laýyklyk sertifikatynyň hereketini ýatyrmak işi, laýyklyk sertifikatyny beren ýa-da önümiň şol wagtda ýerleşýän ýerine degişli Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara tarapyndan amala aşyrylýar.
67. Laýyklyk sertifikatynyň hereketiniň togtadylandygy we ýatyrylandygy barada ýuridik we fiziki şahslara resmi taýdan habar berilýär. Habar «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň üsti bilen elektron görnüşde berilýär ýa-da elektron görnüşde bermek mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda kagyz görnüşinde berilýär.
VIII bap. Sertifikatlaşdyryş işleriniň tölegi we jemleýji düzgünler
68. Arza beriji sertifikatlaşdyryş işleriniň (şol sanda daşary ýurt döwletiniň laýyklyk sertifikatlaryny ýa-da önümiň barlaghana synaglarynyň netijelerini ykrar etmek, laýyklyk sertifikatynyň hereket ediş möhletini uzaltmak, gaýtadan resmileşdirmek) netijelerine garamazdan sertifikatlaşdyrmak bilen baglanyşykly ähli çykdajylary bellenen tertipde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşmak arkaly tassyklanan nyrhnamalara laýyklykda töleýär.
69. Sertifikatlaşdyrmak boýunça işleri geçirmegiň barşynda Arza berijä hasap-faktura berilýär, onuň tölegi bellenilen tertipde Arza beriji tarapyndan töleg resminamasy bilen tassyklanýar ýa-da sanly ulgam arkaly elektron tölegiň amala aşyrylandygy barada resminama berilýär.
70. Tapgyrlaýyn sertifikatlaşdyrylýan önümler üçin Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara bilen Arza beriji, bellenen tertipde sertifikatlaşdyryş şertnamasyny baglaşýarlar. Arza beriji we Serifikatlaşdyrmak boýunça edara Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda baglaşylan sertifikatlaşdyryş şertnamada bellenilen degişli işleri berjaý etmäge borçludyrlar.
71. Arzada we onuň bilen bilelikde berilýän ýöriteleşdirilen namada görkezilen maglumatlaryň hakykydygy, şeýle hem önümleriň mukdary we bahasynyň takykdygy üçin arza beriji doly jogapkärçilik çekýär.
72. Arza beriji sertifikatlaşdyrmaga hödürlenýän önümleriň düzümine, içki gurluşyna öndürijiniň daşky görnüşindäki belgilenen görnüşine laýykdygyna jogapkärçilik çekýär.
73. Laýyklyk sertifikatynyň hereket ediş möhleti geçenden soň, şeýle-de sertifikatlaşdyrylan önüm daşalanda, saklananda, ýerlenende (satylanda), ulanylanda kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň berjaý edilmezligi netijesinde şol önümleriň standartlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy resminamalarynyň talaplaryna laýyk gelmedik ýagdaýynda Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara jogapkärçilik çekmeýär.
74. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara berlen laýyklyk sertifikatlarynyň hasabatyny ýöredýär. Laýyklyk sertifikatyny tassyklaýan ähli resminamalar onuň hereket edýän döwri we şondan soň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möhletde laýyklyk sertifikatyny beren Sertifikatlaşdyrmak boýunça edarada saklanylýar.
75. Arza berijiniň, sertifikatlaşdyrmak boýunça işleriň netijeleri bilen ýa-da Sertifikatlaşdyrmak boýunça edaranyň çykaran karary bilen razy bolmadyk ýagdaýynda “Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda şikaýat etmäge hukugy bardyr.
76. Sertifikatlaşdyrmak boýunça işlere gatnaşýan taraplar şu tertibiň bozulmagy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýärler.
77. Şu Tertipde kesgitlenilmedik ýagdaýlar ýüze çykan halatynda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna goldanylýar.
Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2023-nji ýylyň 10-njy martynda 1693 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.