
5-nji dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatynda döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanan Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi we makullandy.
«Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy gün tertibiniň esasy meselesi boldy.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 23-nji noýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow parlamentarileriň öňünde «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanun kabul edilmezden ozal, bu resminamanyň esasy maddalaryny ýene-de bir gezek düýpli seljermek we olary häzirki wagtyň ýagdaýlaryna laýyk getirmek boýunça wezipäni goýdy. Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli teklipleri we maslahatlary göz öňünde tutulyp, degişli Kanunyň taslamasyna girizildi.
Kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewiň we Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowanyň bu ugurda ýerine ýetirilen işler baradaky çykyşlary diňlendi. Şeýle-de geljek ýyl üçin baş maliýe meýilnamasynyň ykdysadyýetiň her bir pudagy üçin girdeji we çykdajy maddalary boýunça maglumatlar giňişleýin beýan edildi. Döwlet býujetiniň serişdeleriniň esasy böleginiň durmuş ulgamyna gönükdirilýändigi nygtaldy.
«Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň kabul edilmegine hem-de makullanmagyna biragyzdan ses beren bilelikdäki maslahata gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, bu resminama takyk hasaplamalara esaslanyp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň serişde kuwwaty bilen berkidilip, şübhesiz, halkymyzyň bähbitlerine hyzmat eder.
Şeýle hem Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna seretdiler.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiň bilelikdäki maslahatynyň garamagyna çykarylan kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan kabul edildi we degişli Kararlar bilen makullandy.