Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edarasy — ýerli öz-özüňi dolandyryşyň täze instituty

Akmyrat Taganow, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasy.
Çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edarasy — ýerli öz-özüňi dolandyryşyň täze instituty

Türkmenistan döwletimiziň dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, raýat jemgyýetiniň ähmiýetini ýokarlandyrmak hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryşy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyk getirmek, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň alyp barýan işlerini giňeltmek, olaryň hukuk binýatlaryny we ygtyýarlyklaryny kesgitlemek, döwlet häkimiýet edaralary bilen gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen, «Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy taýýarlanyp, 2022-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 6-njy çagyrylyşynyň 20-nji maslahatynda kabul edildi. Onuň taslamasy taýýarlananda degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, sebitleriň häkimlikleriniň teklipleri göz öňünde tutuldy.

Ýerli öz-özüňi dolandyryş — munuň özi Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary esasynda degişli çäkdäki ähli ilatyň bähbitlerinden ugur alyp, ýerli ähmiýetli meseleleri özbaşdak çözmek hem-de ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen raýatlaryň işiniň guralmagydyr.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 115-nji maddasynda ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamyny Geňeşler we çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň emele getirýändigi bellenen.

Geňeş agzalary degişli dolandyryş-çäk birliklerinde ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan gizlin ses bermek arkaly ählumumy, deň we göni saýlaw hukugy esasynda 5 ýyl möhlete saýlanylýan wekilçilikli edaradyr.

Çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edaralary ýuridik şahsy döretmezden, degişli çäkde ilatyň isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen, dürli durmuş meselelerini bilelikde çözmegi maksat edinýän, agzalygy bolmadyk, meýletinlige esaslanýan, kämillik ukyby bolan fiziki şahslaryň bileleşigidir.

«Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanuny 8 bapdan, 49 maddadan ybarat bolup, ol ýerli öz-özüňi dolandyryşy amala aşyrmagyň hukuk esaslaryny, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryny döretmegiň we işiniň tertibini, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, olaryň wezipeli adamlarynyň, agzalarynyň ygtyýarlyklaryny kesgitleýär hem-de döwlet häkimiýet edaralary bilen özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

Kanunyň 1-nji baby 8 maddadan ybarat bolup, onda ýerli öz-özüňi dolandyryş, ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamy, ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy, ýerli öz-özüňi dolandyryşy amala aşyrmakda raýatlaryň hukuklary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň esasy ýörelgeleri, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň hukuk kepillikleri, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işine döwlet goldawy we utgaşdyrylyşy, ýerli öz-özüňi dolandyryşyň çäk gurluşy barada düşünjeler beýan edilýär.

Kanunyň 2-nji baby 9 — 13-nji maddalary öz içine alyp, Geňeşiň işiniň guralyşy barada beýan edilýär. Geňeşiň işiniň görnüşi, Geňeşiň mejlisini çagyrmagyň we geçirmegiň tertibi, Geňeşiň çözgütleri, Geňeşiň çözgütleriniň üýtgedilmegi ýa-da ýatyrylmagy, Geňeşiň möhletinden öň ýatyrylmagy ýaly kadalar berkidilen. 3-nji baby bolsa 14 — 19-njy maddalary özünde jemläp, arçyny, arçynyň orunbasaryny wezipä saýlamak we wezipesinden boşatmak, arçynyň buýruklary, Geňeşiň, arçynyň, arçynyň orunbasarynyň ygtyýarlyklary barada bolup, arçyny, onuň orunbasaryny wezipä saýlamak we wezipesinden boşatmak, Geňeşe aýry-aýry döwlet ygtyýarlyklarynyň berilmegi baradaky kadalary özünde jemleýär. Kanunyň 4-nji baby Geňeş agzalarynyň ygtyýarlyklary barada bolup, öz içine 20 — 24-nji maddalary alýar. Bu maddalarda Geňeş agzasy, Geňeşiň agzasynyň ygtyýarlyklaryny möhletinden öň ýatyrmak, Geňeşiň agzasynyň işiniň hukuk kepillikleri, Geňeşiň çykyp giden agzasynyň ýerine täze agza saýlamak, Geňeş agzasynyň şahsyýetnamasy ýaly kadalar giňişleýin beýan edilýär.

Kanunyň 5-nji baby 25 — 29-njy maddalardan ybaratdyr we Geňeşiň işini üpjün etmek hem-de Geňeşiň diwany baradaky kadalary doly açyp görkezýär. Şeýle-de Geňeşiň iş toparlary, Geňeşiň işiniň üpjünçiligi, Geňeşiň diwany, Geňeşiň diwanynyň wezipeleri, Geňeşiň diwanynyň hünärmenleriniň hukuklary we borçlary barada kadalar berkidilýär.

Kanunyň 30 — 37-nji maddalary 6-njy bapda ýerleşdirilip, täze döredilýän, ozal kanunçylygy bolmadyk çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş barada bolup, çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edaralary, fiziki şahslaryň ýygnagy, ýygnagyň ygtyýarlyklary, çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edarasyna ýolbaşçylyk, ýolbaşçynyň ygtyýarlyklary, çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edarasy tarapyndan jemgyýetçilik gözegçiliginiň amala aşyrylyşy, jemgyýetçilik gözegçiligine köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagy, çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edarasyny üýtgedip guramak we onuň işini bes etmek ýaly düzgün-kadalar doly beýan edilýär.

Çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edaralary degişli çäkde ýaşaýan ilatyň bähbitlerinden ugur alnyp, ýerli ähmiýetli meseleleri özbaşdak çözmek hem-de ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, gyzyklanýan raýatlaryň başlangyjy boýunça döredilip bilner we ol öz işini öz-özüňi dolandyryş esasynda guraýar.

Çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edarasynyň ýokary guramasy onuň ýygnagydyr.

Çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edarasy degişli Geňeşde ýa-da ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda hasaba alynýar.

Fiziki şahslaryň ýygnagyna (mundan beýläk ýygnak) şäherleriň, şäherçeleriň, obalaryň ýaşaýyş toplumlarynyň, şaýollarynyň, köçeleriniň, köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň çäginde hemişelik, köplenç ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan fiziki şahslar gatnaşýarlar.

Eger degişli çäk birliginde fiziki şahslaryň sany bir müňden köp bolsa, onda ýygnaklara saýlanylan wekiller gatnaşyp bilerler. Ol wekiller çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryşyň çäk birlikleriniň ýygnaklarynda saýlanylýarlar.

Ýygnagy çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysy zerurlyga görä çagyrýar. Ýygnak şäher, etrap häkiminiň, arçynyň ýa-da degişli çäkde ýaşaýan fiziki şahslaryň (wekilleriň) azyndan üçden bir böleginiň başlangyjy bilen hem çagyrylyp bilner.

Ýygnak ilatyň bähbitlerini aramak maksady bilen, öz ygtyýarlyklarynyň çäginde degişli çägiň meseleleri bilen bagly çözgütleri kabul edýär.

Kabul edilen çözgüt barada degişli Geňeşe ýa-da ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasyna habar berilýär.

Ýygnagyň ygtyýarlyklaryna:

1) degişli çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysyny saýlamak;

2) degişli çäkde kanunçylygyň ýerine ýetirilişine, ilata jemagat hojalyk hyzmatlaryň ýerine ýetirilişine, binalary gurmak hem-de howlularyň we jaýlaryň töweregindäki çäkleri saklamagyň kadalarynyň berjaý edilişine jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrmak;

3) degişli çägi durmuş, medeni taýdan ösdürmek, abadanlaşdyrmak, bagy-bossanlyga öwürmek, arassaçylyk we sanitariýa kadalarynyň berjaý edilmegi boýunça işleri guramak;

4) meýletinlik esasynda öý hojalyklaryndan çägi abadanlaşdyrmak, dürli durmuş meselelerini çözmek, çäkde ýaşaýan hemaýata mätäç maşgalalara we raýatlara ýardam etmek üçin serişde ýygnamak barada çözgüt kabul etmek;

5) degişli çäkde binalary gurmak zerurlygy baradaky teklip bilen Geňeşe, etrap, şäher häkimligine ýüz tutmak;

6) degişli çäkde elektrik, gaz, agyz suwy, lagym, aragatnaşyk ulgamynyň desgalarynyň bökdençsiz işlemegi üçin degişli edaralar bilen utgaşykly iş alyp barmak;

7) ilata toý dabaralary we beýleki däp-dessurlary geçirmek boýunça maslahatlary bermek;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki işleri amala aşyrmak degişlidir.

Ýygnagyň ýolbaşçysynyň döwlet häkimiýet edaralarynda, ýuridik we fiziki şahslar bilen gatnaşyklarda degişli çägiň ilatynyň bähbitlerini aramaga, öý hojalyklaryndan çägi abadanlaşdyrmak, dürli durmuş meselelerini çözmek, çäkde ýaşaýan hemaýata mätäç maşgalalara we raýatlara ýardam etmek üçin ýygnalan serişdeleriň niýetlenilen maksada laýyk harçlanylmagyny we olaryň hasabynyň ýöredilmegini üpjün etmäge, goldawa mätäç maşgalalaryň, ýetim çagalaryň, ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň, şeýle hem tebigy hadysalardan we tehnogen häsiýetli betbagtçylykdan jebir çeken raýatlaryň maddy we ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak barada degişli döwlet edaralaryna teklipleri bermäge, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna täze gonamçylyklary döretmek we hereket edýänlerinde abatlaýyş işlerini geçirmek hakynda teklipleri bermäge ygtyýarlydygy barada kadalar bellenendir.

Çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edarasy tarapyndan jemgyýetçilik gözegçiliginiň şu görnüşlerde amala aşyrylýandygy bellenilýär: degişli çäkde kanunçylygyň ýerine ýetirilişiniň ýagdaýyny öwrenmek, degişli çäkdäki ilatyň bähbitlerine degişli ähmiýetli meselelere seretmek we degişli işleri geçirmek üçin döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralaryna ýüz tutmak hem-de döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralaryna olaryň ygtyýarlylygyna degişli we jemgyýetçilik ähmiýetli meseleler boýunça resmi sowallary we ýüztutmalary ibermek.

Döwlet häkimiýet edaralary çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryşyň jemgyýetçilik gözegçiliginiň netijeleri boýunça ýüztutmalaryna öz wagtynda garamalydygy barada hem kadalar bellenilen.

Bulardan başga-da, çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edarasynyň maliýe serişdeleri kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň, ilatyň meýletin beren serişdelerinden we geçirilýän çärelerden alynýan girdejileriň, haýyr-sahawatlaryň hem-de hemaýatlaryň hasabyna hem döredilip bilner.

«Ýerli öz-özüňi dolandyryşyň eýeçiligi we maliýe üpjünçiligi» diýip atlandyrylan kanunyň 7-nji baby 38 — 43-nji maddalary öz içine alyp, esasy ýerli öz-özüňi dolandyryşyň eýeçiligi, ýerli öz-özüňi dolandyryşyň çäkleri üýtgände emläk gatnaşyklary, ýerli öz-özüňi dolandyryşyň maliýe serişdeleri we olary peýdalanmak, Geňeşiň býujetini taýýarlamak we oňa gözegçilik etmek, Geňeşiň býujetiniň serişdeleriniň ulanylyşy, Geňeşiň býujetden daşary hasaby diýen düşünjeleri öz içine alýar.

Kanunyň 8-nji baby jemleýji düzgünler barada bolup, soňky 44 — 49-njy maddalarda jemlenýär. Bu maddalarda esasy Geňeş tarapyndan Türkmenistanyň döwlet nyşanlarynyň ulanylmagy, ýerli öz-özüňi dolandyryşyň we olaryň wezipeli adamlarynyň ýüztutmalaryna garamagyň hökmanylygy, Geňeş we dolandyryş-çäk gurluşyň üýtgemegi, jedelleriň çözülişi, şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik, şu Kanunyň herekete girmegi ýaly kadalar bilen jemlenýär.

Iň täze habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Beýik ruhy lideri bilen duşuşdy

31-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna iş sapary tamamlandy.
SalamNews

Ogulgerek Berdimuhamedowa Eýranyň Milli gymmat bahaly daşlar we Haly muzeýlerine baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň dowamynda Ogulgerek Berdimuhamedowa özi üçin taýýarlanan medeni maksatnamanyň çäklerinde Eýranyň Milli gymmat bahaly daşlar we Haly muzeýlerine baryp gördi.
SalamNews

Wengriýanyň Premýer-ministri Türkmenistana sapar bilen geler

Prezident Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbana şanly 60 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
SalamNews