Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Arkadag şäherinde iki etrap döredildi

SalamNews
Syýasat / Kanunçylyk
Arkadag şäherinde iki etrap döredildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň 18-nji martda çykaran kararyna laýyklykda, Arkadag şäherinde täze iki etrap döredildi. Täze şäheriň etraplary degişlilikde Arkadag şäheriniň Kärizek etraby hem-de Arkadag şäheriniň Gorjaw etraby diýlip atlandyryldy.

Bu baradaky degişli karar Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleri halkara ölçeglere laýyk guramak, şäher gurluşyk işini ýokary derejede alyp barmak, şäheri halkara merkezleriň birine öwürmek, şäher ilatynyň sanyny artdyrmak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasynyň 12-nji bendine laýyklykda kabul edildi.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Arkadag şäheriniň etraplarynyň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirer.

Iň täze habarlar

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze binasy açyldy

1-nji iýunda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkeziniň täze binasynyň açylyş dabarasy geçirildi.
SalamNews

Dünýägözel Gulmanowa Helga Şmid bilen duşuşdy

1-nji iýunda ýurdumyzyň Mejlisinde Türkmenistanda saparda bolýan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşyk geçirildi.
SalamNews

Serdar Berdimuhamedow ÝHHG-niň Baş sekretaryny kabul etdi

1-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi.
SalamNews