
«Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi. Degişli Kanun döwlet metbugatynda çap edildi. Bu Kanun Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýyny, şonuň ýaly-da, Arkadag şäheriniň wezipelerini amala aşyrmagy bilen baglylykda döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň, hukuk, guramaçylyk we beýleki esaslaryny kesgitleýär.
Täze Kanunyň 1-nji maddasyna laýyklykda, Arkadag şäheri üçin döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bellenýär.
Kanunyň 3-nji maddasyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň ilatyny ýaşaýan möhletine, doglan ýerine we milletine garamazdan, Arkadag şäheri ýaşaýan ýeri bolan Türkmenistanyň raýatlary, şonuň ýaly-da Arkadag şäheriniň çäginde hemişelik ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk şahslar düzýär.