Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

SalamNews
Syýasat / Halkara hyzmatdaşlyk
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow COP28 maslahatynyň çäklerinde BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýerine ýetiriji direktory, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Inger Andersen bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz we UNEP-iň Ýerine ýetiriji direktory mähirli salamlaşyp, tebigaty goramak ulgamynda hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Dünýä Bileleşigi bu meselelere uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we UNEP-iň däp bolan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklary tassyklanyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan howanyň üýtgemegini durnukly ösüşe täsir edýän möhüm şert hökmünde kesgitleýär. Ýurdumyz howa boýunça Pariž ylalaşygyny işjeň goldap, ony 2016-njy ýylyň oktýabrynda tassyklady. Türkmenistanyň öz üstüne alan borçlaryna laýyklykda, 2019-njy ýylyň sentýabrynda howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýanyň täze redaksiýasy tassyklanyldy.

2022-nji ýylyň maýynda Pariž ylalaşygy boýunça borçnamalary ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň milli derejede kesgitlenen goşandy (NDC) tassyklanyldy. Ol BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň sekretariatyna resmi taýdan hödürlenildi. Häzirki wagtda UNEP-iň goldaw bermeginde BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasy boýunça Türkmenistanyň Dördünji Milli maglumaty işjeň taýýarlanylýar.

Bellenilişi ýaly, ekologiýa meseleleriniň çözülmegi ählumumy, sebit we milli derejelerde tagallalaryň birleşdirilmeginiň, döwletleriň her biriniň BMG bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň we hereketleriniň utgaşdyrylmagynyň zerurdygyny göz öňünde tutulýar.

Şundan ugur alyp, Türkmenistan Merkezi Aziýanyň ýurtlary üçin ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşjek howa tehnologi ýalary boýunça Sebit merkezini döretmegi teklip edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen UNEP-iň arasynda özara düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnamanyň bu ugurda bilelikde işlemek üçin esas boljakdygyna ynam bildirildi.

Duşuşygyň dowamynda atmosfera metanyň zyňyndylaryny azaltmak meselelerinde özara gatnaşyklar howanyň üýtgemegi ulgamyndaky halkara gün tertibiniň wajyp meseleleriniň hatarynda görkezildi. Mälim bolşy ýaly, iki ýyl mundan ozal, Glazgoda geçirilen COP26 maslahatynda Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasy (GMP) boýunça täze başlangyjy goldady we ony içgin öwrenmäge gyzyklanmasyny beýan etdi. Şu günki maslahatda ýurdumyz GMP-ä goşulýandygyny yglan etdi.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalary we hyzmatdaş döwletler bilen hyzmatdaşlygy dowam etmegi göz öňünde tutýar.

Şeýle hem häzirki wagtda metan zyňyndylary boýunça Halkara obserwatoriýasy bilen bilelikdäki taslamany taýýarlamak işleri amala aşyrylýar. Onuň çäklerinde türkmen hünärmenleri üçin degişli okuwlaryň toplumyny, bilelikdäki ylmy-barlaglary geçirmek, milli ugurdaş kanunçylygy kämilleşdirmek meýilleşdirilýär.

Duşuşygyň barşynda Aral meselesine hem deglip geçildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2017-2019-njy ýyllar aralygynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynda (AHHG) başlyklyk etdi. Şol döwürden bäri uly işler geçirildi. Köp wagtlyk arakesmeden soň, ilkinji gezek 2018-nji ýylyň awgustynda ýurdumyzda Merkezi Aziýanyň ähli döwletleriniň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda AHHG-nyň Sammiti geçirildi.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2018-2019-njy ýyllarda «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» baradaky Kararnamalary kabul etdi. Bu resminamalar AHHG-nyň we BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, maksatnamalarynyň we gaznalarynyň, şeýle hem halkara maliýe institutlarynyň arasynda özara gatnaşyklary ösdürmek üçin esas boldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň AHHG-de başlyklyk eden döwründe Aralyň ýakasyndaky ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň maksatnamasynyň 4-nji tapgyrynyň taslamasy taýýarlanyldy. Şeýle hem BMG-niň Aral deňzi sebiti üçin Ýörite maksatnamasy ilerledilip başlandy. Ol häzirki zaman şertlerinde Aralyň ekologiýa çökgünliliginiň netijelerini ýeňip geçmekde sebitiň döwletleriniň we dünýä bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmaga gönükdirilendir.

Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň 19-njy maýynda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň ýokarda agzalan Ýörite maksatnamasyny döretmek meselesine degişli Kararnamany kabul etdi. Bu resminamada şu ýörite maksatnamanyň has oňaýly formatyny we düzümini kesgitlemek boýunça BMG-niň degişi edaralary bilen maslahatlaşmalara girişmek teklip edilýär.

Tebigaty goramak ulgamynda Türkmenistan bilen Milletler Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlykda hazar meselesine hem möhüm orun berilýär. Şu ýylyň sentýabrynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde ýurdumyz «Hazar ekologiýa başlangyjyny» döretmek baradaky teklibi girizdi. Ol Hazaryň daşky gurşawyny goramak, onuň biologik serişdelerini aýawly saklamak, derwaýys ekologiýa meseleleriniň birnäçesini çözmek meseleleri boýunça netijeli gatnaşyklar üçin halkara binýadyna öwrülmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Hazar sebitinde howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, şeýle hem Hazaryň türkmen böleginiň deňiz giňişligini meýilleşdirmegiň konsepsiýasyny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly anyk taslamalar boýunça UNEP bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna umyt edýär.

BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktory, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Türkmenistanyň ekologiýa ulgamynda amala aşyrýan işlerine, onuň oňyn başlangyçlaryna hem-de bu ugurda ileri tutulýan ählumumy wezipeleri çözmäge goşýan goşandyna ýokary baha berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözleri hem-de UNEP bilen ýurdumyzyň arasyndaky ysnyşykly hyzmatdaşlygy goldaýandygy üçin hanym Inger Andersene minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmäge ygrarlydyklary ýene-de bir gezek tassyklanyldy.

Iň täze habarlar

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün — 26-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, Ilçi J.MakGregor bilen duşuşygy geçirildi.
SalamNews

Owganystanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanyşykly köp sanly meselelere seretdiler.
SalamNews

Dostlukly hyzmatdaşlygyň netijeleri

Şu gün — 26-njy fewralda Katar Döwletine iş sapary bilen baran türkmen wekiliýetiniň agzalary bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew bilen Katar döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory, jenap Abdulaziz bin Muhammed al-Horryň arasynda duşuşyk geçirildi.
SalamNews