Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Bütindünýä çagalar gününde türkmen dilindäki çykyş sintezatory işe girizildi

SalamNews
Syýasat / Halkara hyzmatdaşlyk

Bütindünýä çagalar gününde ÝUNISEF Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde türkmen dilindäki çykyş sintezatoryny işe girizdi. Programma üpjünçiligine girizilen täze goşmaça Türkmenistanyň görüşinde kemçiligi bolan ýaşaýjylaryna ilkinji gezek ýazgy-söz tehnologiýasyny ulanyp, türkmen dilindäki ýazgylara girmäge mümkinçilik berýär. Nobatdaky innowasiýa başlangyjy ýurtdaky görüşi pes bolan çagalar we ulular üçin elýeterliligi hem-de bilim mümkinçiliklerini giňeltmekdäki aýratynlyklary bilen tapawutlanýar.

BMG-niň binasynda hökümet, bilim edaralarynyň we milli habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen çärede täze programma üpjünçiliginden peýdalanyldy.

Aslynda, bu üstünlige Bilim ministrliginiň, «ATScale» kömekçi tehnologiýalar boýunça global hyzmatdaşlygyň, Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň, «Louder Pages» kompaniýasynyň (RHVoice öndürijileri) we ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ýetildi.

Programma üpjünçiligi işlenip düzülende Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýeti bilen ýakyndan alnyp barlan geňeşmeler görüşi çäkli jemgyýetiň zerurlyklarynyň we gelejeginiň göz öňünde tutulmagyny şertlendirdi. Netijede, hemmeler üçin has oňaýly okuw gurşawyny döretmäge kömek edýän innowasion gural taýýarlanyldy.

«Dünýä» diýen türkmen adyny göterýän programmany tölegsiz esasda göçürmek we gurmak elýeterlidir. Ol «Windows» we «Android» platformalarynda işleýär. Programma «JAWS» we «NVDA» ekran okyjylary üçin ýörite goşmaça hökmünde hem elýeterlidir. «Android» ulgamy üçin programma üpjünçiligini «Play Market» platformasyndan göçürip alyp bolýar.

«Ynsan hukuklaryny goraýan gurama hökmünde görüşi pes bolan çagalara we ýaşlara bilim hem-de maglumat bermek mümkinçiligini durmuşa geçirmäge şert döretmekden diýseň hoşaldyrys» — diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Mohammed Faýazi belleýär.

Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Dubaýda COP28 howa maslahatyna gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.
SalamNews

Türkmen wekiliýeti Skopýe şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

30-njy noýabry 1-nji dekabry aralygynda Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Makedoniýa Respublikasynyň Skopýe şäherinde geçirilen ÝHHG-niň ministrler geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşdy.
SalamNews