Türkmenistan we ÝHHG bilelikde bitarap ýurtlaryň goşandyna bagyşlanan çäre geçirerler

26-njy ýanwarda Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) ýanyndaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy Guramanyň Parlament assambleýasynyň prezidenti Margareta Sederfelt bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda guramanyň gün tertibindäki meseleler, şeýle hem Aşgabat şäherinde «ÝHHG-niň çäginde Ýewropa we Ýewraziýa giňişliginde howpsuzlygy, durnuklylygy we gepleşikleri güýçlendirmek babatda bitarap ýurtlaryň goşandy» atly çäräni geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
ÝHHG-niň Parlament assambleýasynyň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän özgerişler, şol sanda oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatymyz we ykdysady özgertmelerimiz barada giňişleýin maglumat berildi.
Özara gepleşigiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-niň Parlament assambleýasynyň mejlisiniň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak we umumy maksatlara ýetmek üçin edilýän tagallalary birleşdirmek barada ylalaşdylar.