Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Bakuda Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi

SalamNews
Syýasat / Halkara hyzmatdaşlyk

17-nji noýabrda Azerbaýjanyň milli Ylymlar akademiýasynyň Muhammet Fizuly adyndaky Golýazmalar institutynyň mejlisler zalynda Gündogaryň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary, Azerbaýjanyň milli Ylymlar Akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky edebiýat institutynyň we Muhammet Fizuly adyndaky Golýazmalar institutynyň ýolbaşçylary hem alymlary gatnaşdylar.

Duşuşykda Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Isa Habibeýli, Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi G.Elýasow, türkmen we azerbaýjan alymlary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň eserleriniň umumadamzat derejesindäki  ähmiýeti barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň Magtymguly Pyragy barada surata düşürilen «Hakyň guly - Magtymguly» atly çeper filmi görkezildi.

Halkara ylmy maslahatyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Dubaýda COP28 howa maslahatyna gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.
SalamNews

Türkmen wekiliýeti Skopýe şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

30-njy noýabry 1-nji dekabry aralygynda Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Makedoniýa Respublikasynyň Skopýe şäherinde geçirilen ÝHHG-niň ministrler geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşdy.
SalamNews