Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidentini gutlady
SalamNews

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa, ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Günorta Afrika Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Serdar Berdimuhamedow döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga we özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň ýurtlary Owganystan boýunça gepleşikleri geçirerler
30-31-nji maýda Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýörite wekilleriniň gatnaşmagynda Owganystanyň meseleleri boýunça maslahat geçiriler.
Türkmenistanyň ilçisi BMG-niň senagat ösüşi boýunça guramasynyň täze bellenen baş direktory bilen duşuşdy
26-njy maýda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) täze bellenen Baş direktory Gerd Müller bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Täze Prezident Maksatnamasynda Daşoguzy ösdürmek boýunça nähili teklipler bar?
26-njy maýda ilkinji toý sapary bilen Daşoguz welaýatyna baran Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Hökümetiň göçme mejlisini geçirdi.