Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň sessiýasyna gatnaşdy

SalamNews
Syýasat / Halkara hyzmatdaşlyk

18 — 20-nji noýabrynda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlament Assambleýasynyň «ÝHHG çökgünlik döwründe: içerki we daşarky wehimlere jogap bermekde Assambleýanyň orny» şygary astynda Ýerewanda geçirilen güýzki sessiýanyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti hem gatnaşdy.

Duşuşygyň çäklerinde çykyş etmek bilen, türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri bilen bagly öňe süren halkara başlangyçlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň wekiliýeti bu teklipleriň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň agza-döwletleri tarapyndan goldaw tapjakdygyna ynam bildirdi we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesi we parahatçylyksöýüjilikli syýasaty esasynda parlament hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmäge taýýardygyny belledi.

Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Dubaýda COP28 howa maslahatyna gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.
SalamNews

Türkmen wekiliýeti Skopýe şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

30-njy noýabry 1-nji dekabry aralygynda Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Makedoniýa Respublikasynyň Skopýe şäherinde geçirilen ÝHHG-niň ministrler geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşdy.
SalamNews